Primary tabs
2019-njy ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Hatyra güni mynasybetli «Watan mertleri hatyralaýar» atly sergi gurnaldy. Serginiň açylyşyna ýurdumyzyň tanymal alymlary, medeniýet işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen şehit bolanlaryň hatyrasy belent tutulýar. Her ýylyň 6-njy oktýabry–Hatyra güni şu asylly ýörelgeler döwlet derejesinde dowam edýär. 1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilen gijede bolan ýer titremesi Aşgabat şäherini we onuň töweregini aýylganç weýrançylyga öwrüpdi. Ençeme adamlaryň ömür tanapyny kesen, şol aýylganç waka nesilleriň hakydasynda ýaşaýar.
Ýurdumyzda her ýyl bellenilip geçilýän Hatyra gününde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül çemenli baryp, Watan gahrymanlarymyzyň belent ruhunyň öňünde tagzym etmek indi asylly däbe öwrüldi. Gözel paýtagtymyzyň «Baky şöhrat», «Milletiň ogullary», «Ruhy tagzym» ýadygärlikleriniň bir ýere jemlenen bu täsin künjegine zyýarat edeniňde, watanperwerligimiz, şu günki nesilleriň parahat, abadan, bolelin ýaşaýşynyň binýadyny berkarar eden şöhratly pederlerimiziň ýörelgelerine ygrarlylygymyz has-da belende göterilýär.
Hatyra güni mynasybetli Türkmenistanyň ähli künjeginde ýatlama çäreleri geçirilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Hatyra gününe bagyşlanan «Watan mertleri hatyralaýar» atly sergi gurnaldy. Sergi dört bölümden ybarat bolup, muzeýiň gaznalarynda saklanylýan gymmatlyklar görkezildi. Sergi hormatly Prezidentimiziň parasatly sözleri, türkmen zergärleriniň ajaýyp sowgatlyk eserleri bilen başlanýar.
Sergide Aşgabat şäheriniň ýertitremisinden öňki durkuny görkezýän fotosuratlar öz beýanyny tapýar. Şeýle-de Aşgabat şäheriniň şol wakadan soňky pajygaly keşbi fotosuratlaryň üsti bilen görkezilýär. Tebigy apatdan aman galanlaryň bu heläkçilikden ejir çeken adamlary halas etmekde görkezen gaýduwsyzlyklary, agyr günlerde kömege gelen lukmanlaryň we beýleki saglygy goraýyş işgärleriniň, esgerleriň, gurluşykçylaryň bitiren hyzmatlary, uly ýitgilere sezewar bolan Türkmenistanyň zähmetkeşlerine beýleki döwletlerden ýüzlerçe saglygy goraýyş işgärleriniň kömegi baradaky fotosuratlar, şekillendiriş sungaty eserleri we maddy medeniýet gaznasyna degişli durmuş esbaplary görkezilýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzyň keşbi düýpgöter üýtgedi. Garaşsyzlyk ýyllarynda paýtagtymyzyň gülläp ösen döwri, kämil ajaýyp binalaryň, seýilgähleriň, ýadygärlikleriň keşbini suratlandyrýan fotosuratlar, şeýle-de sowgatlyk eserler sergini bezeýär.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Hatyra gününe bagyşlanyp gurnalan «Watan mertleri hatyralaýar» atly sergini muzeýiň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow açdy. Soňra Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Prezident bölüminiň müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty Süleýman Süleýmanow, Aşgabat şäher Ýaşulular geňeşiniň agzasy, zähmet weterany Kadyrberdi Jepbarow, Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň bölüm müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Öwezdurdy Hümmedow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň professory Meret Öwlýägulyýew, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Oguljemal Çaryýewa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy Jeren Baltaýewa, «Bereketli toprak» gazetiniň bölüm müdiri Laçyn Samakowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň II derejeli kitaphanaçysy, Aşgabat şäher Ýaşulular geňeşiniň agzasy Bibigözel Mämmedowa çykyş etdiler.
Aşgabat şäher Ýaşulular geňeşiniň agzalary Annameret Türşekow, Begenç Nuryýew, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işgärleri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akadamiýasynyň talyplary, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary myhman hökmünde gatnaşdylar.