Primary tabs
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Hatyra güni mynasybetli geçirilýän «Watan mertleri hatyralaýar» atly serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmak isleýänleriň ählisini 2019-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda sagat 15:00-da myhmançylyga çagyrýar.
Watan mertleri hatyralaýar
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, halkymyz ata-baba dowam edip gelýän ýol-ýörelgelerini sarpalamaga, öten-geçenlerini ýatlap, olaryň ýagty ýadygärligine hormat goýmaga giň mümkinçilik alýar. Her ýylyň 6-njy oktýabry – Hatyra güni şu asylly ýörelgeleriň döwlet derejesinde dowam edilýändiginiň güwäsi hökmünde ýüreklerde ýer etdi. 1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilen gijede bolan ýer titremesi Aşgabat şäherini we onuň töweregini aýylganç weýrançylyga öwrüpdi. Ençeme adamlaryň ömür tanapyny kesen, şol aýylganç waka nesilleriň hakydasynda ýaşaýar.
Ýurdumyzda her ýyl bellenilip geçilýän Hatyra gününde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül çemenli baryp, Watan gahrymanlarymyzyň belent ruhunyň öňünde tagzym etmek, indi arzyly hem asylly däbe öwrüldi. Gözel paýtagtymyzyň «Baky şöhrat», «Milletiň ogullary», «Ruhy tagzym» ýadygärlikleriniň bir ýere jemlenen bu täsin künjegine zyýarat edeniňde, özüňi Watana bolan beýik söýginiň sallançagynda ýaly duýýarsyň. Bu ahwal pederlerimizden miras galan mukaddeslikleri ezizlemek babatda duýgularymyzy barha joşdurýar, watanperwerligimiz, şu günki nesilleriň parahat, abadan, bolelin ýaşaýşynyň binýadyny berkarar eden şöhratly pederlerimiziň ruhlaryna ygrarlylygymyz has-da belende göterilýär. Hatyra güni mynasybetli Türkmenistanyň ähli künjeginde ýatlama çäreler gurnalýar.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem Hatyra gününe bagyşlanan «Watan mertleri hatyralaýar» atly sergi gurnaldy. Sergi dört bölümden ybarat bolup, sergide muzeýiň gaznalarynda saklanylýan gymmatlyklar görkezildi. Sergi hormatly Prezidentimiziň pähimli sözleri, şeýle-de türkmen zergärleriniň ajaýyp sowgatlyk eserleri bilen başlanýar.
Serginiň dowamynda Aşgabat şäheriniň ýertitremisinden öňki durkunyň fotosuratlar öz beýanyny tapýar. Şeýle-de Aşgabat şäheriniň şol wakadan soňky pajygaly keşbi fotosuratlaryň üsti bilen görkezilýär.
Soňra tebigy apatdan aman galanlar, bu heläkçilikden ejir çeken adamlaryň ömrüni halas etmekde görkezen gaýduwsyzlyklary, agyr günlerde kömege gelen lukmanlaryň we beýleki saglygy goraýyş işgärleriniň, esgerleriň, gurluşykçylaryň bitiren hyzmatlary, uly ýitgilere sezewar bolan Türkmenistanyň zähmetkeşlerine beýleki döwletlerden ýüzlerçe saglygy goraýyş işgärleriniň kömek berip duran pursatlaryny şekillendirýän fotosuratlar, şekillendiriş sungatyna degişli eserler we maddy-medeniýet gaznasyna degişli durmuş esbaplary görkezilýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzyň keşbi düýpgöter üýtgedi. Garaşsyzlyk ýyllarynda paýtagtymyzyň gülläp ösen döwri, kämil ajaýyp binalaryň, seýilgähleriň, ýadygärlikleriň keşbini suratlandyrýan fotosuratlar, şeýle-de sowgatlyk eserler sergini bezeýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen şehit bolanlaryň hatyrasy belent tutulýar.