Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Garaşsyzlyk bagtymyzyň gözbaşy» atly sergi gurnaldy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk bagtymyzyň gözbaşy» atly sergi gurnaldy. Şöhratly taryhy gahrymançylyga beslenen merdana halkymyzyň özbaşdak, Garaşsyz döwlet baradaky asyrlar boýy edip gelen arzuwy 1991-nji ýylda hasyl bolup, Garaşsyz Türkmen döwleti emele geldi. Garaşsyzlyk halkymyzyň milli buýsanjydyr. Berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýadydyr.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyz syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda uly üstünlikleri gazandy. «Türkmenistan –rowaçlygyň Watany» diýlip atlandyrylan bu ýyl hem şanly wakalara baý boldy. Muňa mysal edip 2019- njy ýylyň 12-nji awgustynda Hazaryň türkmen kenarynda ilkinji gezek geçirilen Hazar ykdysady forumyny belläp geçmek bolar. Bu gün ata Watanymyz Türkmenistan sebitde ylalaşdyryjy merkeze öwrülip, emele gelen döwletara meselelerini parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar bilen çözmegi teklip edýän döwlet hökmünde giňden tanalýar.

Bu şanly baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Garaşsyzlyk bagtymyzyň gözbaşy» atly sergi gurnaldy. Sergi üç bölümden ybarat bolup, hormatly Prezidentimiziň portreti, Döwlet baýdagymyz, Döwlet tugramyz we hormatly Prezidentimiziň Garaşsyzlyk barada aýdan parasatly sözleri bilen başlanyp, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitleri suratlandyrýan fotosuratlar bilen dowam edýär. Ikinji bölümde türkmen halkynyň bäş müň ýyllyk taryhyndan söz açýan gadymy Marguş, Parfiýa döwletleri we orta asyrlar döwrüne degişli bolan fotosuratlar, belli suratkeşlerimiziň taryhy eserleri görkezilip, şeýle hem şol döwürlere degişli bolan muzeý gymmatlyklary, arheologiki tapyndylar sergide öz beýanyny tapýar. Serginiň üçünji bölüminde Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri, ýeten sepgitleri barada gürrüň berýän fotosuratlara we maglumatlara esasy orun berilýär. Wideo şekiller arkaly Watanymyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan şol üstünlikler, ýetilen belent sepgitler görkezilýär.

Mundan başgada sergide Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplary, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän ajaýyp zergärçilik, sungat eserleri, çeper elli halyçylarymyzyň döreden şekilli halylary we haly önümleri, şeýle-de türkmen suratkeşleriniň taryhy ýadygärliklerimizi we ata Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerini wasp edýän surat eserlerine esasy orun berilýär.        Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kаndidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow gutlag sözi bilen açdy. Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewa, Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýi bölüminiň müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty Süleýman Süleýmanow, Türkmenistanyň at gazanan artisty Gülälek Akmyradowa, Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy Gurbangeldi Aşyrow, «Garagum» žurnalynyň bölüm redaktory Nurtäç Annamuhammedowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň I-nji derejeli kitaphanaçysy, Türkmenistanyň medeniýetde at gazanan işgäri Oguljemal Orazdurdyýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymy, Aşgabat şäher Halk maslahatynyň agzasy Jumaberdi Artykow, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň müdiri Şyhmustafa Hudaýberdiýew, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň müdiri Sapargeldi Durdyýew gatnaşdylar.

Dabarada örän gyzykly hem täsirli çykyşlar edilip, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.  

Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň Gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň we Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet Institutynyň sungat studiýasynyň we Neşirýat gullugynyň Neşirýat -çaphana orta hünär okuw mekdebiniň talyplary, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň we Döwlet kitaphanasynyň, Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky teatrynyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň işgärleri sergä myhman hökmünde gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylar her ýylyň 27-nji sentýabrynda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gurnalan «Garaşsyzlyk bagtymyzyň gözbaşy» atly sergä aýlanyp gördüler, muzeýiň işgärleriniň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňlediler.