Primary tabs
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy mynasybetli gurnalan «Garaşsyzlyk bagtymyzyň gözbaşy» atly serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmak we sergini synlamak isleýänleri 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda sagat 10:00-da myhmançylyga çagyrýar.
Garaşsyzlyk bagtymyzyň gözbaşy
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow:
«Halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllarynda şöhratly menzilleri geçdi.»
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýeti bolan, uludan toýlanylýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk baýramy bosagada dur. Şöhratly taryhy gahrymançylyga beslenen merdana halkymyzyň özbaşdak, Garaşsyz döwlet baradaky asyrlar boýy edip gelen arzuwy 1991-nji ýylda hasyl bolup, Garaşsyz Türkmen döwleti emele geldi.
Garaşsyzlyk halkymyzyň milli buýsanjydyr. Berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýadydyr.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyz syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda uly üstünlikleri gazandy. «Türkmenistan – rowaçlygyň watany» diýlip atlandyrylan bu ýyl hem şanly wakalara baý boldy. Garaşsyz döwletimiziň dünýä ýaň salýan beýik şan- şöhraty, parahatçylygyň we dostlugyň, ruhubelentligiň, sportyň hem-de sagdynlygyň ýurdy hökmünde halkara abraýynyň yzygiderli artýandygyna şaýatlyk edýän taryhy wakalar halkymyzy beýik üstünliklere ruhlandyrýar. Muňa mysal edip 2019- njy ýylyň 12-nji awgustynda Hazaryň türkmen kenarynda ilkinji gezek geçirilen Hazar ykdysady forumyny belläp geçmek bolar. Bu gün ata Watanymyz Türkmenistan sebitde ylalaşdyryjy merkeze öwrülip, emele gelen döwletara meselelerini parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar bilen çözmegi teklip edýän döwlet hökmünde giňden tanalýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk baýramyny dabaraly ýagdaýda belleýär. Bu şanly baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Garaşsyzlyk bagtymyzyň gözbaşy» atly sergi gurnaldy. Sergi üç bölümden ybarat bolup, hormatly Prezidentimiziň portreti, Döwlet baýdagymyz, tugramyz we hormatly Prezidentimiziň Garaşsyzlyk barada aýdan parasatly sözleri bilen başlanyp, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitleri suratlandyrýan fotosuratlar bilen dowam edýär. Ikinji bölümde türkmen halkynyň bäş müň ýyllyk taryhyndan söz açýan gadymy Marguş, Parfiýa döwletleri we orta asyrlar döwrüne degişli bolan fotosuratlar we belli suratkeşlerimiziň taryhy eserleri görkezilip, şeýle hem şol taryhy döwürlere degişli bolan muzeý gymmatlyklary, arheologiki tapyndylar sergide öz beýanyny tapýar. Serginiň üçünji bölüminde Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda aýry-aýry pudaklarda gazanylan üstünlikleri, ýetilen sepgitleri barada gürrüň berýän fotosuratlara we maglumatlara esasy orun berilýär. Wideo şekiller arkaly Watanymyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan şol üstünlikler, ýetilen belent sepgitler görkezilýär.
Mundan başgada sergide Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan çykan kitaplary, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän ajaýyp zergärçilik, sungat eserleri, çeper elli halyçylarymyzyň döreden ajaýyp şekilli halylary we haly önümleri şeýle-de türkmen suratkeşleriniň taryhy ýadygärliklerimizi we ata Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerini wasp edýän ajaýyp surat eserlerine esasy orun berilýär.