Primary tabs
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli gurnalan «Bilim–kämillik, rowaçlyk we abadançylyk» atly serginiň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini 2019-njy ýylyň 30-njy awgustynda sagat 10:00-da çagyrýar.
Bilim–kämillik, rowaçlyk we abadançylyk
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
«Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny has-da
kämilleşdirmek ugrunda alyp barýan özgertme- lerimiz halkymyzyň şu gününe we ýagty ertirine ynamydyr, aýdyň maksadydyr».
Türkmen halky özüniň uzak asyrlyk durmuş ýolunda paýhas, ylym-bilim, sungat bilen egsilmez genji-hazyna öwrülen maddy we ruhy gymmatlyklary, bilimler mirasyny, terbiýe mekdebini döredipdir. Diýarymyzyň Merw, Nusaý, Köneürgenç, Abiwert, Sarahs, Dehistan ýaly gadymy şäherlerinde, obadyr kentleride dana pederlerimiziň okamaga bolan hyjuwdyr söýgüsi ylym-bilimiň gülläp ösmegine uly itergi beripdir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her ýylyň 1-nji sentýabrnda Bilimler we talyp ýaşlar güni dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýär. Okuwçylary okatmakda dünýäniň iň kämil enjamlarynyň kömegi bilen täze usulyýetler ulanylýar. Şolaryň arasynda multimedia tagtasy, okatmagyň interaktiw usullaryny bellemek bolar. 1-nji synplara kabul edilen çagalara okuw kitaplary we esbaplary bilen birlikde, kompýuterler sowgat berilýär. 2019-njy ýylyň iýun aýynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda geçirilen maslahatda eden çykyşynda Türkmenistanda 12 ýyllyk umumy orta bilimiň girizilendigini nygtady. Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesliň düýpli bilim almagyna, köptaraply zehiniň açylmagyna, olary tehniki döredijilik işi bilen meşgullanmaga çekmäge, hünärleri dogry saýlamaga ýardam berýär.
Hormatly Prezidentimiziň yglan eden «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýyly taryhy wakalara beslenip, dürli döwlet derejeli çäreler yzygiderli dowam edýär.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi hem Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli muzeý gaznasynda saklanylýan gymmatlyklardan “Bilim – kämillik, rowaçlyk we abadançylyk“ atly sergi gurnady. Sergi hormatly Prezidentimiziň pähimli sözleri bilen başlaýar. Serginiň dowamynda türkmen zergärleriniň ajaýyp sowgatlyk eserleri, täze okuw kitaplary öz beýanyny tapýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýaş neslini suratlandyrýan fotosuratlar ýerleşdirilip, ol suratlaryň üsti bilen häzirki zamanda bilim ulgamyndaky özgerişlikler açylyp görkezilýär. Tebigat ylymlary bilen baglanyşykly muzeý gymmatlyklary, barlaghana enjamlary olaryň kömegi bilen ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berilýär. Serginiň dowamynda nusgawy edebiýatymyzyň wekillerine hem orun berilip, şol döwürde ulanylan okuw esbaplary görkezilýär. Taryhy fotosuratlar sergide görkezilip, şol fotosuratlaryň üsti bilen ilkinji alnan bilimler barada düşünje alyp bolýar. Sergide hormatly Prezidentimiziň “Älem içre at gezer” atly kitabynyň we synp tagtasynyň haly geçirilen nusgasy görnükli orun eýeleýär. Şeýle-de serginiň bütin dowamynda sowgatlyk eserleri yzygiderlikde ýerleşdirilip, serginiň ähmiýetini artdyrýar.
Bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini dünýä ölçeglerine laýyk kämilleşdirmek boýunça geçirilýän netijeli işler üçin ýaşlaryň hormatly Prezidentimize alkyşy çäksizdir.