Primary tabs
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýyly mynasybetli geçiriljek «Çaga terbiýesinde milli mirasyň orny» atly okuw maslahatynyň we onuň çäginde serginiň açylyşyna gatnaşmak isleýänleriň hemmesini 2019-njy ýylyň 18-nji iýulynda sagat 10:00-da myhmançylyga çagyrýar.
Gadymy halklaryň biri bolan türkmen halkynyň özboluşly milli gylyk-häsiýetleri, ruhy dünýäsi bar. Türkmeniň kalbyndaky şol özboluşlulygam onuň däp-dessurlarynda, durmuşda özüni alyp barşynda, edýän hereketlerinde ýüze çykýar. Türkmenlerde çaga terbiýesi, esasan, görelde arkaly amala aşyrylýar. Çaga, esasan, ata-enäniň, özünden ulularyň göreldesi, öwütündewi arkaly terbiýelenýär. Şeýle-de il içinde asyrlarboýy nesilden-nesle geçip gelýän däp-dessurlaryň ullakan terbiýeçilik ähmiýeti bar. Çünki şol däp-dessurlardyr ýörelgeler her bir adamy türkmeniň asylly edep-ekramyna endik etdirýär. Il-günüň, töweregindäki adamlaryň edim-gylymlaryna öýkünip, şolara görä hereket edýän çaga ulaldygyça halkyň edep -kadalaryna werziş bolýar. Şol edep- kadalara bolsa türkmen halky örän uly ähmiýet berýär. Milli däp-dessurlarydyr edep-kadalary türkmen üçin ýazylmadyk kanun bolup durýar. Türkmenlerde ilki göze ilýän zatlaryň biri ýaşkiçiniň ýaşyula goýýan sarpasydyr. Türkmen maşgalasynda, diňe bir maşgalada-da däl, bütin jemgyýetde ýaşulularyň sarpasy aýratyn belent tutulýar. Olara uly hormat goýulýar. Şonuň üçünem türkmen “Edebiň ýagşysy ulyny syla” diýýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem türkmen halkynyň edep kadalary, çaga terbiýesinde muzeý gymmatlyklarynyň ähmiýeti barada birnäçe işler alnyp barylýar. 18.07.2019 ýylda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde milli miras bilen baglanşykly «Çaga terbiýesinde milli mirasyň orny» atly okuw maslahaty we onuň çäginde sergi gurnaldy. Ol sergide çagalar, çaga terbiýesi bilen baglanyşykly muzeý gymmatlyklary görkezildi. Çaga oýnawaçlary sergide esasy orny eýeleýär. Döwlet muzeýiniň gaznasynda türkmeniň milli çaga oýunjaklarynyň uly toplumy saklanylýar. Bu oýunjaklar muzeýiň ilkinji ýygnalan esbaplarynyň hataryna girýär. Türkmen milli çaga oýunjaklaryny ýygnamagyň uly taryhy-etnografik ähmiýeti bolupdyr. Sebäbi çaga oýunjaklarynyň we oýunlarynyň üsti bilen, çaganyň aňynda türkmen durmuşy täsirli we gyzykly, şol bir wagtyň özünde-de, ýönekeý, çaga häsiýetine mahsus beýan edilipdir. Çaga oýunlarynyň we oýunjaklarynyň arasynda gyzlaryň we oglanlaryň gatyşyp, bile oýnaýanlary-da, aýratynlykda, diňe gyzlaryň ýa-da oglanlaryň oýnaýanlary-da bolupdyr.
Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň gaznasynda saklaýan çaga oýunjaklary häsiýetleri we oýnalyş usullary boýunça dürli-dürlüdir. Her bir halkda bolşy ýaly, türkmen ene-atalary-da öz nesilleriniň kemally-başarnykly adamlar bolmagy üçin yhlas edipdirler. Bu babatda, esasan-da eneleriň tagallasy nygtarlyklydyr. Sebäbi çagalar ese-boýa galýança, köplenç, enaniň gözegçiliginde bolýar. Dürli gurjaklary, oýunjaklary, hatda ok-ýaý ýaly oýunjaklary-da çagalara ejeleriniň ýasaýan halatlary köp bolupdyr. Çaga oýunjaklaryndan başga-da, ýetginjekleriň oýunlarynyň esbaby bolup durýan gymmatlyklar hem bar. Olara “düzzüm”, “aşyratdy” oýunlaryny, küşt oýnuny oýnamak üçin çöpler degişli.
Şeýle-de sergide milli çaga eşikleri görkezildi. Milli çaga eşiklerine kürte, kirlik tahýalar, gadak, köýnekler degişli bolup, bu eşikleriň özboluşly geýliş aýratynlyklary bolupdyr. Çaga eşiklerinde 5 ýaşa çenli tapawut bolmandyr. 5 ýaşdan soň oglanjyklaryň we gyzjagazlaryň eşikleri tapawutlanypdyr. Sergini milli bezeg şaýlarymyz hem bezeýär. Bu bezeg şaýlary diňe çagalara niýetlenendir. Olara: ok-ýaý, kürtegulak, ýazma, goçbuýnuz, ýelpewaç, bäzbent, burma ýaly bezeg şaýlary degişli bolup, bularyň her birini dakylyş aýratynlygy bar. Olaryň käbiri barada durup geçeliň; ok-ýaý ýagyrnydan dakylyp, ýagny arka tarapdan dakylyp çagany erbet nazarlardan goraýar diýip düşünilipdir. Burmany çagasy durmaýan maşgalada çagajygyň aýagyna dakypdyrlar. Sebäbi düwmäniň sesi çaga ürç edýän al-arwahy ürküzýär diýip ynanypdyrlar.
Serginiň dowamyndaky suratlarda, ýagny arhiw suratlarda çagalaryň egin-eşikleri, oýnan oýunlary, häzirki döwür bilen baglanşykly suratlarda bolsa bagtyýar çagalaryňkeşbigörkezilýär. Geçmişde biziň ata-babalarymyz, enelerimiz çagalara şular ýaly göreldäniň, milli mirasyň, oýundyr oýunjaklaryň üsti bilen durmuşy öwredipdirler. Öz gezeginde nesilleriniň-de şeýle usulda çaga terbiýeleýändigine seredip, olara guwanypdyrlar. Şeýdibem asylly ýörelgeler biziň günlerimize gelip ýetipdir.