Daşky gurşawy goramak güni we Ylymlar güni mynasybetli ekologiýa boýunça bäsleşik

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Daşky gurşawy goramak güni we Ylymlar güni mynasybetli ekologiýa boýunça bäsleşik gurnaldy. Bäsleşikde talyplara daşky gurşawy goramak bilen bagly soraglar hödürlenildi.

Şu ýylyň maý aýynda dowam eden bäsleşige jemi 266 talyp gatnaşyp, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Aşgabat şäherindäki Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplary ýokary netije görkezdiler. 2019-njy ýylyň 10-njy iýunynda talyplary sylaglamak dabarasy geçirildi. Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýaşlar baradaky atalyk aladasy, olaryň hemmetaraplaýyn ylymly-bilimli, berk bedenli, ruhubelent nesiller bolup ýetişmegi üçin döredilýän şertler üçin çyn ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Ýeňijilere professor E.Rustamowyň redaksiýasy bilen çap edilen «Türkmenistanyň guşlary» atly kitaby, «Türkmenistanyň biodürlüligini öwrenmek» atly ylmy makalalaryň toplumy we A.Nigarowyň «Türkmenistanyň gadymy pilleri» atly kitaby bilen 39 sany talyp sylaglandy. Olary Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy, geografiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent Orazdurdy Saparow gutlady.