Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Ylym – ösen jemgyýetiň miwesi» atly sergi gurnaldy

2019-njy ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Ylym – ösen jemgyýetiň miwesi» atly sergi açyldy.

Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ählitaraplaýyn ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly nesilleri kemala getirmek üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Döwlet tarapyndan berilýän ünsüň güýçlendirilmegi, ylym ulgamynyň özara hyzmatdaşlyk esasynda ösdürilmegi berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda ylmy ojaklaryň, merkezleriň, ýokary okuw mekdepleriň, ylmy-barlag edaralarynyň işleriniň özara sazlaşykly utgaşdyrylmagy ýurdumyzda ylmyň pajarlap ösýändigine şaýatlyk edýär.

Türkmenistanda her ýylyň 12-nji iýunynda giňden bellenip geçilýän Ylymlar gününe bagyşlanylyp Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Ylym – ösen jemgyýetiň miwesi» atly sergi gurnaldy.

Sergi hormatly Prezidentimiziň ylym barada aýdan dana sözleri bilen başlanýar. Sergide lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli eseri, ylmyň dürli pudaklaryna degişli birnäçe kitaplar, lukmançylyk ylmynda gazanylan beýik ösüşlere degişli fotosuratlar goýuldy. Bulardan başga-da Döwlet muzeýiniň ýazuw çeşmeleri gaznasynda saklanylýan, XX asyrda arheologiýa, etnografiýa, geologiýa, mineralogiýa, biologiýa, tebigat ylymlary bilen bagly alnyp barylan ylmy barlaglar barada gürrüň berýän dokumental fotosuratlar görkezilýär. Bu ylymlar bilen bagly muzeý gymmatlyklaryna, daşa öwrülen haýwanlaryň, mineral daşlarynyň dürli görnüşlerine, haýwanlaryň gäplerine, lаboratoriýa esbaplaryna serginiň merkezinde orun berilýär.

Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kаndidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow gutlag sözi bilen açdy.

Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň bölüm müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, taryh ylymlarynyň kandidaty Süleýman Süleýmanow, Daşky gurşawy goramak müdirliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň direktorynyň orunbasary, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Pirli Kepbanow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy, geologiýa-minerologiýa ylymlarynyň kandidaty Anatoliý Buşmakin, Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy, geografiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent Orazdurdy Saparow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri Täzegül Täçmämmedowa, Daşky gurşawy goramak müdirliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň ylmy işgäri Maral Sahatowa, sungatу öwreniji Azat Annаýew gatnaşdylar.

Dabarada örän gyzykly hem täsirli çykyşlar edilip, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Dabara gatnaşyjylar Döwlet muzeýinde gurnalan «Ylym – ösen jemgyýetiň miwesi» atly sergä aýlanyp gördüler, muzeýiň işgärleriniň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňlediler.