Primary tabs
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän «Ylym – ösen jemgyýetiň miwesi» atly serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmak isleýänleriň ählisini 2019-njy ýylyň 10-njy iýunynda sagat 15:00-da myhmançylyga çagyrýar.
Ylym – ösen jemgyýetiň miwesi
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe durmuşyň ähli ugurlarynda ösüşlere, özgerişlere eýe bolup, bu günki gün ylym-bilim ulgamlarynda geçirilýän özgerişliklere özüniň aýdyňlygy bilen durmuşymyzda öz mynasyp ornuny tapýar. Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ählitaraplaýyn ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly nesli kemala getirmek üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Ylymlar gününiň, Bilimler we talyp ýaşlar gününiň giňden döwlet derejesinde bellenilip geçilmegi, oňa döwlet tarapyndan ünsüň güýçlendirilmegi, ylym ulgamynyň özara hyzmatdaşlyk esasynda ösdürilmegi berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda ylmy ojaklaryň, merkezleriň, ýokary okuw mekdepleriň, ylmy-barlag edaralarynyň işleriniň özara sazlaşykly utgaşdyrylmagy ýurdumyzyň ylmyň pajarlap ösýän merkezine öwrüljekdigine şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzyň ylmy edaralary we ýokary okuw mekdepleri tarapyndan alnyp barylýan barlaglar, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna, şol sanda ylym we bilim ulgamlarynyň sanly düzümleriniň ösdürilmegi möhüm wezipe hökmünde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine degişli wezipeleriň çözülmegine ýardam berýär.
Türkmenistan döwletimizde giňden bellenip geçilýän ylymlar gününe bagyşlanylyp Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Ylym – ösen jemgyýetiň miwesi» atly sergi gurnaldy.
Sergi hormatly Prezidentimiziň ylym barada aýdan dana sözleri bilen başlanýar. Sergide lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň şeýle hem lukmançylyk ylmynda gazanylan beýik ösüşlere degişli fotosuratlar bilen birlikde ýurdumyzda ösýän derman ösümlikler barada ýazan hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly» köp jiltli kitaplary, hem-de ylmyň dürli pudaklaryna degişli birnäçe kitaplar sergilendi. Bulardan başga-da Döwlet muzeýiniň ýazuw çeşmeleri gaznasyndan saklanylýan XX asyrda arheologiýa, etnografiýa, geologiýa, mineralogiýa, biologiýa, tebigat ylymlary bilen bagly alnyp barylan ylmy barlaglar barada gürrüň berýän dokumental fotosuratlar görkezilýär. Bu ylymlar bilen bagly muzeý gymmatlyklary, daşa öwrülen haýwanlaryň, mineral daşlarynyň dürli görnüşleri, haýwanlaryň gäpleri, lаboratoriýa esbaplary serginiň merkezinde orun berilýär.