Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýyly mynasybetli «Zehinli ýaşlaryň ýaňy» atly bäsleşik geçirildi.

         Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ajaýyp başlangyjy bilen «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» diýlip atlandyrylan 2019-njy ýylda ýaşlarymyzy türkmen halkynyň dünýä ýaň salan taryhy, medeni we milli gymmatlyklary bilen tanyşdyrmak hem-de wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi täsirli we gyzykly düşündirişli gezelençleri, sergileri, göçme sergileri, dürli görnüşli bäsleşikleri guraýar.      2019-njy ýylyň 22-nji maýynda Döwlet muzeýi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi bilen bilelikde «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýyly mynasybetli «Zehinli ýaşlaryň ýaňy» atly bäsleşigi geçirdi. Bäsleşige ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.

Bu bäsleşik Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ruhuny, taryhyny, milli ýörelgelerini öwrenmekde ýaşlaryň işjeňliginiň ýokarlanmagyna, ýaş nesilleriň döredijilik başarnygyny giňden goldap, şöhratly geçmişimize belent buýsanjy kemala getirmäge, medeni gymmatlyklarymyzy, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmäge ýardam eder.

Bäsleşikde ýeňiş gazanan talyplara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşyjylar ata Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadan durmuşy we bagtyýar geljegi üçin beýik işleri durmuşa geçirýän milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.