Primary tabs
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda her ýylyň 25-nji maýynda myhmansöýerligiň, ygtybarly hyzmatdaşlygyň, parahatçylykly döredijiligiň, ynsanperwerligiň mekanyna öwrülen Aşgabat şäheriniň gününiň baýram edilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Arkadag Prezidentimiziň şähergurluşyk – binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmegi netijesinde ak şäherimiz Aşgabat «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynda hem gurulýan toplumlaýyn binalar, gazanylýan ajaýyp üstünlikler, bitirilýän beýik işler bilen öz çägini barha giňeldýär.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp 2019-njy ýylyň 22 -nji maýynda «Watanyň ýüregi – gözel Aşgabat» atly sergi gurnaldy. Sergi Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyz barada aýdan parasatly sözleri bilen açylýar. Hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren kitaplaryna, paýtagtymyzyň gözel keşbini janlandyrýan halylara, fotosuratlara, surat eserlerine, Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň gaznasynda saklanylýan zergärçilik sungat eserlerine esasy orun berilýär. Gelin-gyzlarymyzyň ussatlyk bilen döreden «Garaşsyzlyk binasy», «Aşgabat binasy», «Ak şäherim Aşgabat» ýaly ajaýyp el halylary serginiň görküne görk goşýar. Şeýle-de bu ýerde şäherimiziň gözel binalarynyň, seýilgähleriniň, suw çüwdürimleriniň birnäçesiniň fotosuratlaryny synlamak bolýar. Dokumental fotosuratlaryň esasynda Aşgabat şäheriniň öňki we häzirki durkuny özara deňeşdirmek mümkin. Olary synlan mahalyň Aşgabadyň bedew bady bilen öňe ilerleýänligine aýdyň göz ýetirýärsiň. Aşgabat bu gün Garaşsyz Watanymyzyň nury, Merkezi Aziýanyň merjen şäheri, mähir mekany hasaplanylýar.
Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kаndidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow gutlag sözi bilen açdy. Serginiň açylyş dabarasyna TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň bölüm müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty Agamyrat Baltaýew, «Garagum» žurnalynyň bölüm redaktory Döwletgeldi Annamyradow, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň 1-nji derejeli hünärmeni, şahyr Oguljemal Çaryýewa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Jeren Baltaýewa, «Garagum» žurnalynyň bölüm redaktory Nurtäç Annamuhammedowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň halk artisti Ogultäç Hanyýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň baş hünärmeni Kerimberdi Durdyýew, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Jemal Gaipowa gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işgärleri, Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň milli sport we syýahatçylyk institutynyň, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary dabaranyň hormatly myhmanlary boldular.
Dabarada örän gyzykly hem täsirli çykyşlar edilip, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Dabara gatnaşyjylar Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp Döwlet muzeýinde gurnalan «Watanyň ýüregi – gözel Aşgabat» atly sergä aýlanyp gördüler, muzeýiň işgärleriniň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňlediler.