Türkmen döwlet medeniýet institutynda «Rowaçlyga beslenýän ýurdumyzda medeniýetiň sarpasy» atly göçme sergi gurnaldy

Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň göwün islegine laýyklykda, «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» diýip yglan eden 2019-njy ýylynda bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan Diýarymyzda ýaşlaryň, aýratyn hem talyplaryň arasynda adamzat ösüşine goşant goşan pederlerimiziň ömür ýoly watansöýüjiligiň beýik nusgasyna öwrüldi. Talyp ýaşlarymyzda ata-babalarymyzdan miras galan medeni gymmatlyklarymyza, baý mirasymyza çuňňur söýgini, buýsanjy ösdürmek maksady bilen ýurdumyzyň muzeýleri tarapyndan köp işler geçirilýär. Ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde halkymyzyň baý taryhyny wagyz etmek wajypdyr. Şundan ugur almak bilen, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylyna bagyşlanan göçme sergiler yzygiderli gurnalýar.

2019-njy ýylyň 20-nji maýynda Türkmen döwlet medeniýet institutynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznalarynda saklanýan gymmatlyklardan «Rowaçlyga beslenýän ýurdumyzda medeniýetiň sarpasy» atly göçme sergi gurnaldy. Sergide medeniýete we sungata degişli gadymy fotosuratlar, milli saz gurallary, milli lybaslarymyz, hojalykda ulanýan esbaplarymyz, gadymy şaý-seplerimiz goýuldy. Bu göçme serginiň açylyş dabarasyna Döwlet muzeýiniň işgärleri we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, professor Annamyrat Saparmuhammedow, institutyň professor-mugallymlary hem-de talyplary işjeň gatnaşdylar

Sergini Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Sährägül Janmämmedowa açdy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kаndidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow, Döwlet muzeýiniň tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň müdiri Enejan Altyýewa çykyş etdiler.

Dabarada ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ähli işleriň gözbaşynda döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz zähmetiniň, taýsyz tagallalarynyň, mähriban Arkadagymyzyň öz halkyna, onuň şöhraty taryhyna bolan beýik söýgüsiniň, halkymyzyň şu güni we geljegi barada düýpli aladalarynyň durýandygy nygtaldy. Milli medeni mirasymyzy öwrenmäge we ýaşlaryň arasynda ýaýbaňlandyrmaga mümkinçilik döreden Gahryman Arkadagymyza sergä gatnaşyjylar tüýs ýürekden sag bolsun aýtdylar.

Uniwersitetiniň professor-mugallymlary hem-de talyplary sergini uly gyzyklanma bilen synladylar. Sergi 26-njy maýa çenli dowam eder.