Primary tabs
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen medeniýeti beýik rowaçlyklara beslenýär. Medeniýet türkmen halkynyň müňýyllyklara barabar taryhynyň bütin dowamynda döwletleri we halklary ýakynlaşdyrýan uly güýç hasaplanylypdyr we oňa çäksiz sarpa goýlupdyr. Ata-babalarymyzyň medeni gymmatlyklara uly sarpa goýmak bilen baglanyşykly ajaýyp däp-dessurlary häzirki döwürde hem üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň taýsyz tagallalary netijesinde bu däpler täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz 2019-njy ýyly halkymyzyň göwün islegine laýyklykda, «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» diýip yglan etdi. Şu ýylyň şygarynyň esasy many-mazmuny Watanymyzyň belent üstünliklerini we gazananlaryny giňişleýin wagyz etmäge, iri ykdysady özgertmelere depgin bermäge, şonuň ýaly-da parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmäge ýurdumyzyň goşandyny, mähriban Arkadagymyzyň başlangyçlaryny ýaýmaga gönükdirilendir.
Talyp ýaşlarymyzda watansöýüjilik duýgusyny, ata-babalarymyzyň ruhy dünýäsine, medeni gymmatlyklaryna, baý mirasymyza aýawly garamak we goramak, türkmeniň şöhratly taryhyna çuňňur söýgini, buýsanjy ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2019-njy ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany – ençe asyrlary arka atany» atly sergi gurnady.
Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kаndidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow gutlag sözi bilen açdy Bu göçme serginiň açylyş dabarasynda Döwlet muzeýiniň tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň müdiri Enejan Altyýewa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ylmy işler boýunça prorektory Nurýagdy Ýagşymyradow çykyp geplediler. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ähli işleriň gözbaşynda döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz zähmetini, taýsyz tagallalaryny, öz halkyna, onuň şöhraty taryhyna bolan beýik söýgüsini, halkymyzyň şu güni we geljegi barada düýpli aladalaryny duýýarys diýip, çykyp geplänler bellediler. Milli medeni mirasymyzy öwrenmäge we ýaşlaryň arasynda wagyz etmäge mümkinçilik döreden Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýtdylar!
Döwlet çeperçilik akademiýasynyň professor-mugallymlary hem-de talyplary sergini uly gyzyklanma bilen synladylar. Sergi 12-nji maýa çenli dowam eder.