Primary tabs
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2019-njy ýylyň 6-njy maýynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli «Merdana gerçeklere belent sarpa» atly serginiň açylyş dabarasy boldy.
Türkmen halkynyň gerçek ogullarynyň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda görkezen edermenlikleri ölmez–ýitmezdir. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Onuň şöhratly durmuş ýoly ýaş nesil üçin hakyky watançylygyň, edermenligiň we gahrymançylygyň aýdyň nusgasydyr.
Beýik Ýeňişiň 74 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Merdana gerçeklere belent sarpa» atly baýramçylyk sergisi gurnaldy. Sergi birnäçe bölümden ybarat bolup, onuň girişinde Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň hala çitilen keşbi görnükli ýerde ýerleşdirildi. Halynyň öňünde bolsa ussatlarça ýerine ýetirilen naýbaşy zergärçilik eserleri sergilenýär.
Serginiň birinji bölümi hormatly Prezidentimiziň, Diýarymyzyň özygtyýarlylygyny alamatlandyrýan Döwlet nyşanlarynyň fotosuratlary, Arkadagymyzyň Beýik Ýeňiş barada aýdan pähimli sözleri hem-de Garaşsyzlyk döwrümizi wasp edýän zergärçilik eserlerine görnükli ýerde orun berilýär. Indiki bölümde watandaşlarymyzyň aldym-berdimli uruş başlanda agzybirlik bilen aýaga galyp, ilkinji günlerden Diýarymyzdan söweş meýdanyna meýletin arza berip giden pursatlary görkeziler. Ussat suratkeşleriň 1941-1945-nji ýyllaryň urşuna bagyşlap döreden eserleri, şol döwürdäki plakatlardyr şygarlar hem belent hakydany janlandyrmak bilen, parahat durmuşa buýsanjyňy artdyrýar. Sergide Beýik Watançylyk urşunda ulanylan aragatnaşyk enjamy, Lallyk hanyň fronta iberen serişdelerinden ýasalan tankyň maketi, dürbi, söweş torbasy, türkmen ýigidiniň harby eşigi, ot açýan ýaraglar we başga-da birnäçe esger esbaplary hem görkezilýär.
Serginiň üçünji bölümi tyldaky kömege bagyşlanýar. Sergide 1941-1945-nji ýyllarda tylda gahrymançylykly zähmetiň nusgasyny görkezen türkmen zenanlarynyň fronta kömek üçin altyn-kümüş bezeg şaýlary, esgerler üçin ýyly egin-eşikleri tabşyryp duran dokumental fotosuratlary synlamak mümkin.
Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kаndidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow açdy. Dabara Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Prezident bölüminiň müdüri Süleýman Süleýmanow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri Mäti Annanurow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň professory Meret Öwlüýägulyýew, Aşgabat şäheriniň Ýaşulylar geňeşiniň agzalary Çaryguly Ataýew, Amanmuhammet Täçmuhammedow, Aşgabat şäher Ýaşulylar geňeşiniň agzasy, «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyň eýesi Kadyrberdi Jepbarow, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň hünärmeni, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Döwletmyrat Nuryýew, Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri Täzegül Täçmämmedowa, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky harby institutynyň 3-nji ýyl talyby Öwezgeldi Gylyçtaganow gatnaşdylar.
Baýramçylyk dabarasyna Aşgabat şäheriniň Ýaşulylar geňeşiniň agzalary Annameret Turşekow, Aýdogdy Berdimyradow Meret Nurjanow, Derýa Aşyrow, Rejep Allaberdiýew. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň talyplary hem gatnaşdylar.
Örän gyzykly çykyşlar sergä gelen myhmanlarda gowy täsir galdyrdy. Dabara gatnaşyjylar Döwlet muzeýinde gurnalan «Merdana gerçeklere belent sarpa» atly sergä aýlanyp gördüler, muzeýiň işgärleriniň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňlediler.