Primary tabs
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» diýip atlandyrylan 2019-njy ýylyň 24-nji aprelinde sagat 15:00-da Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Ahalteke bedewi – gözelligiň nusgasy» atly serginiň açylyş dabarasy boldy.
Milli gymmatlyklarmyzyň arasynda behişdi bedewleriň aýratyn orny bar. Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde uludan bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy ahalteke bedewleriniň ýyndamlygyny, görkanalygyny jahana ýaýýar. «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» şygary bilen geçýän 2019-njy ýylyň ilkinji gününde ahalteke bedewleriniň naýbaşy tohumlarynyň neslinden gaýdýan täze taýçanagyň dünýä inmegi türkmen atşynaslary üçin şatlykly wakadyr. Munuň özi giň gerimli we möhüm işleriň rowaçlyga beslenjekdiginiň ýene bir ýakymly nyşanydyr. Şundan ugur alyp, hormatly Prezidentimiz bu taýçanaga Rowaç diýip at berdi.
Sergi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen bedewi barada aýdan pähimli sözleri, ýazan kitaplary, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke tohumyndan bolan Akhanyň üstünde gezelenç eden pursatlaryndan fotosuratlar bilen açylýar. Serginiň merkezinde XX asyryň başlaryndaky taryha orun berilýär. Bu ýerde halydan we keçeden edilen at ýapynjalaryny görmek bolýar. At ýapynjalaryň ýüzünde kümüşden hem-de altyn çaýylan atyň bezeg esbaplary asylypdyr. Zergär ussalaryň sünnäläp ýasan bu bezeg esbaplary türkmeniň bedew atyna näderejede üns berilýänligine şaýatlyk edýär. Eýer, üzeňňi, gamçy ýaly beýleki muzeý gymmatlyklary, türkmen ýigidiniň keşbi serginiň täsirini artdyrýar. Taryha degişli bölümçede has gymmatly eksponatlar bar, muzeýiň ýazuw çeşmeler gaznasyndan çykarylan dokumental fotosuratlarda arassa ganly ahalteke bedewleriniň nesillerini görmek bolýar.
Sergide belli suratkeşleriň türkmen bedewleriniň keşbini janlandyran eserleri möhüm orny eýeleýär. Olardan I.Işangulyýewiň «Gaýduwsyz», «Türkmen bedewi», «Toýçy», Ö.Mämmetnurowyň «Ýanardag», P.Gapançaýewiň «Akhan», «Berkarar»ýaly eserlerini görkezmek bolar. Ondan başga-da sergide altyndan, kümüşden ýasalan ahalteke bedewiniň heýkelleriniň dürli görnüşleri görkezilýär.
Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kаndidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow gutlag sözi bilen açdy. Dabara Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, taryh ylymlarynyň kаndidaty Süleýman Süleýmanow, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň türgeni Aman Bäşimow, «Adalat» gazetiniň Baş redaktorynyň orunbasary Gurbanjemal Annakowa, «Ahal durmuşy» gazetiniň bölüm redaktory Dürnabat Aşyrowa, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň işgäri Gadam Orazmämmedow, «Bereketli toprak» gazetiniň Baş redaktorynyň orunbasary Aýnabat Ataýewa, «Türkmenistan» gazetiniň bölüm redaktory Ysmaýyl Tagan, «Watan» gazetiniň Baş redaktorynyň orunbasary Çemen Annaberdiýewa, şahyr, terjimeçi Annaberdi Goçamanow, Merkezi saýlaw toparynyň baş hünärmeni Güljemal Nuryýewa, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň 2-nji ýyl talyby, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň çapyksuwary Baba Babaýew, çapyksuwar Hezret Aşyrow gatnaşdylar.
Örän gyzykly çykyşlar sergä gelen myhmanlarda gowy täsir galdyrdy. Dabara gatnaşyjylar Döwlet muzeýinde gurnalan «Ahalteke bedewi – gözelligiň nusgasy» atly baýramçylyk sergisine aýlanyp gördüler, muzeýiň işgärleriniň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňlediler.