Primary tabs
Döwrüň belentliklerini nazarlap, öňe barýan ata Watanymyzda hak howandarymyz Mähriban, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ýagdaýy ýokary derejede özgerýär. Ähli ulgamlar bilen bir hatarda medeniýetimiz, sungatymyz gülläp ösýär, belent sepgitlere beslenýär. Ösüp gelýän ýaş nesillerimizi ýokary ahlakly, watançy, halal, kämil, medeniýetli, bilimli raýatlar edip ýetişdirmekde muzeýleriň bahasyna ýetip bolmajak orny bar. Munuň özi bolsa ýurdumyzda muzeýleriň işini ösdürmäge gönükdürilen ulgamlaýyn maksatnamalaryň barha rowaçlanýandygyna, ata-babalarymyzdan miras galan gadymy gymmatlyklaryň kämil derejede goralyp saklanýandygyna, medeni mirasymyzy içgin öwrenmek, geljekki nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleriň has-da kämilleşýändigine şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiz 2019-njy ýyly halkymyzyň göwün islegine laýyklykda, «Türkmenistan - rowaçlygyň Watany» diýip yglan etdi. Bu şanly ýyla bagyşlap Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynda göçme sergileri yzygiderli gurnaýar.
Şeýle göçme sergi Döwlet muzeýiniň gaznasyndan çykarylan muzeý gymmatlyklaryndan «Türkmenistan – rowaçlygyň watany, milli gymmatlyklaryň ýurdy» ady bilen 2019-njy ýylyň 22-28-nji apreli aralygynda Türkmen döwlet maliýe institutynda gurnaldy. Serginiň dowamynda Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim ulgamynda, alyp barýan beýik işleri dogrusynda gürrüň berdiler. Bu göçme serginiň açylyş dabarasyna muzeýiň işgärleri we institutyň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar. Serginiň ahyrynda talyp-ýaşlar halkymyzyň täsin medeni mirasyny hemmetaraplaýyn çuňňur öwrenmek üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyşlar aýtdylar.
Serginiň açylyş dabarasynda institutyň ylmy işler boýunça prorektory Gülbeşer Babaýew, uly mugallymy Agajan Ataýew, Döwlet muzeýiniň bölüm müdirleri Enejan Altyýewa we Öwez Rahmanow çykyş etdiler.