Ahalteke bedewi – gözelligiň nusgasy

 

 

 Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi “Türkmenistan- rowaçlygyň Watany” diýip atlandyrylan 2019-njy ýylyň 24-nji aprelinde sagat 15:00-da Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli gurnan “Ahalteke bedewi – gözelligiň nusgasy” atly serginiň açylyş dabarasyna çagyrýar.

Hormatlyly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda bedew batly, ösüş-özgerişler bilen öňe barýan Türkmenistan Watanymyz toý-baýramlara beslenýär. Taryhyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen halkynyň umumyadamzat gymmatlyklarynyň biri-de owadanlykda, ýyndamlykda, çydamlylykda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleridir. Milli gymmatlyklarmyzyň arasynda behişdi bedewleriň aýratyn orny bar. Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde uludan bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy ahalteke bedewleriniň ýyndamlygyny, görkanalygyny jahana ýaýýar. Türkmen bedewiniň baýramy gözelligiň, sazlaşygyň we gaýtalanmajak okgunlylygyň baýramy bolup ýüreklere siňýär. Hormatly Prezidentimiziň atçylyga uly üns bermeginiň, atçylygy ösdürmegi döwlet syýasatynyň möhüm meselesi derejesine çenli ýokary götermeginiň aňyrsynda uly many bar. “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” şygary bilen geçýän 2019-njy ýylyň ilkinji gününde ahalteke bedewleriniň naýbaşy tohumlarynyň neslinden gaýdýan täze taýçanagyň dünýä inmegi türkmen atşynaslary üçin şatlykly wakadyr. Munuň özi giň gerimli we möhüm işleriň rowaçlyga beslenjekdiginiň ýene bir ýakymly nyşanydyr. Şundan ugur alyp, hormatly Prezidentimiz bu taýçanaga Rowaç diýip at berdi.

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Ahalteke bedewi – gözelligiň nusgasy” atly baýramçylyk sergisi gurnaldy. Sergi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen bedewi barada aýdan pähimli sözleri, ýazan kitaplary, şeýle hem hormatly Prezidentimiz arassa ahalteke tohumyndan bolan Akhanyň üstinde gezelenç eden pursatlaryndan fotosuratlar bilen açylýar. Serginiň merkezinde XX asyryň başlaryndaky taryha ýer berilýär. Bu ýerde halydan we keçeden edilen at ýapynjalaryny görmek bolýar. At ýapynjalaryň ýüzünde kümüşden hem-de altyn çaýylan atyň bezeg esbaplary asylypdyr. Zergär ussalaryň sünnäläp ýasan bu bezeg esbaplary türkmeniň bedew atyna nä derejede üns berilýänligine şaýatlyk edýär. Eýer, üzeňňi, gamçy ýaly beýleki muzeý gymmatlyklary, türkmen ýigidiniň keşbi serginiň täsirini artdyrýar. Taryha degişli bölümçedäki has gymmatly eksponatlar bar, muzeýiň ýazuw çeşmeler gaznasyndan çykarylan dokumental fotosuratlarda arassa ganly ahalteke bedewleriniň nesillerini görmek bolýar.

Sergide belli suratkeşleriň türkmen bedewleriniň keşbini janlandyran eserleri möhüm orny eýeleýä. Olardan I.Işangulyýewiň “Gaýduwsyz”, “Türkmen bedewi”, “Toýçy”, Ö.Mämmetnurowyň “Ýanardag”, P.Gapançaýewiň “Akhan”, “Berkarar” ýaly eserlerini görkezmek bolar. Ondan başga-da sergide altyndan, kümüşden ýasalan ahalteke bedewiniň heýkelleriniň dürli görnüşdäki şekilleri görkezilýär.