Primary tabs
Türkmen halkynyň şöhratly taryhy we baý medeniýeti bar. 2019-njy ýylyň “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” atly şygary ýurdumyzyň ähli raýatlary tarapyndan uly ruhy galkynyş bilen kabul edildi. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda biziň ýurdumyzda dünýä siwilizasiýasynyň aýrylmaz bölegi bolan medeni gymmatlyklary gorap saklamak, türkmen halkynyň medeni mirasyny, onuň adatlaryny we däp-dessurlaryny goramak we öwrenmek üçin şertleri döretmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Döwlet muzeýine her gün paýtagtymyzyň ilatynyň we myhmanlarynyň köp sanlysy gelýärler, olaryň arasynda daşary ýurtly myhmanlar, resmi sapara gelen delegasiýalar hem-de ýurdumyzyň ýaşaýjylary bar. Ýöne gelýänleriň esasy bölegi, elbetde, çagalar bolup durýar, ösüp gelýän nesil bolsa biziň ýurdumyzyň geljegidir. Şoňa görä-de muzeýiň zallary boýunça gyzykly ekskursiýalar yzygiderli guralýar. Türkmenistanyň daş asyryndan başlanýan taryhynyň möhüm tapgyrlary barada tematiki ekskursiýalar guralýar. Bürünç asyrynyň baý taryhy bolup, şol döwürde Marguş döwleti gülläp ösüpdir, antik döwürde bolsa Türkmenistanyň territoriýasynda Parfiýa döwleti bolupdyr. Orta asyrlarda Türkmenistanyň territoriýasyndan Beýik Ýüpek ýoly geçipdir, häzir şol wagtky galalaryň galyndylary saklanyp galypdyr. Ülkäni öwreniş we etnografiýa zallaryndaky ekspozisiýalarda körpe myhmanlar ýurdumyzyň tebigaty hem-de türkmen halkynyň däp-dessurlary bilen tanyşýarlar. Çagalaryň biziň halkymyzyň taryhy we medeniýeti baradaky bilimlerini berkitmegi üçin ekskursiýa tamamlanandan soň, muzeýde ussatlyk sapagy geçirilýär, onda mekdep okuwçylary ekspozisiýada gören, şirmaýydan ýasalan antiki ritonlary we orta asyrlardaky keramiki gap-gaçlar ýaly täsin arheologiki tapyndylary özleri taýýarlamaga synanyşýarlar. Çagalar bilen professional suratkeşler Hekim Şamsetdinow, Maýsa Abdullaýewa, ylmy işgärler Mekan Möwlamow, Jennet Amanowa işleýärler, Olar çagalara gyzykly gürrüňleri berýärler we geljekde suratkeşler bolup ýetişjek ýaş talantlary ýüze çykarýarlar.