Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde «Garaşsyz Watanym – bagtyýar ýurdum» atly göçme sergi gurnaldy

 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň netijesinde uly üstünlikleri, beýik özgertmeleri başdan geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» atlandyrylan ýylynda ýurdumyzyň medeniýetini, sungatyny, taryhyny hem-de medeni-mirasyny dünýä ýaýmakda köp işler alnyp barylýar. Ähli ulgamlar bilen bir hatarda medeniýetimiz, sungatymyz hem gülläp ösýär, belent sepgitlere beslenýär. Adamzat nesliniň taryhy, medeniýeti bilen baglanyşykly gymmatlyklarymyzy dikeltmekde, taryhy hakykaty açyp görkezmekde, dünýä halklarynyň dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, dünýäde parahatçylygy, ynsanperwerligi wagyz etmekde, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi ýokary ahlakly, watançy, halal, kämil, medeniýetli ynsanlar edip terbiýelemekde medeniýet ulgamynyň esasy ugurlarynyň biri bolan muzeýler hem öz mynasyp goşandyny goşýar.

«Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» atlandyrylan şanly ýyla bagyşlap, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde yzygiderli göçme sergileri gurnaýar. Şeýle göçme sergileriň biri Döwlet muzeýiniň muzeý gymmatlyklaryndan taýýarlanyp, «Garaşsyz Watanym – bagtyýar ýurdum» ady bilen, 2019-njy ýylyň 25-31-nji marty aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde gurnaldy. Sergide milli egin-eşikler, haly we haly önümleri, saz gurallary, gündelik durmuşda ulanylan hojalyk esbaplary görkezilýär. Mundan başga-da sergide gözel tebigatymyzy suratlandyrýan şekilli halylar hem bar.

Serginiň açylyş dabarasynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň filosofiýa we sosiologiýa kafedrasynyň mugallymy Suraý Saparowa, Döwlet muzeýiniň «Medeni aň-bilim işleri» bölüminiň müdiri Öwez Rahmanow, Döwlet muzeýiniň «Türkmenistanyň etnografiýasy» ylmy-barlag bölüminiň müdiri Enebaý Amanberdiýewa çykyş etdiler.

Şeýle-de serginiň dowamynda Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim we medeniýet ulgamynda alyp barýan beýik işleri dogrusynda gürrüň berdiler. Bu göçme serginiň açylyş dabarasyna muzeýiň işgärleri we uniwersitetiň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar. Sergä gatnaşýan talyp ýaşlar halkymyzyň täsin medeni mirasyny hemmetaraplaýyn çuňňur öwrenmek üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.