Primary tabs
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2019-njy ýylyň 19-njy martynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid ben Soltan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgünde çäre geçirdi. Milli Bahar baýramy bolan Nowruzyň öň ýanynda geçirilen bu çäre «Milli miras nesillere ýörelge» atly göçme sergini hem-de ýokary synp okuwçylarynyň arasynda bäsleşikleri geçirmegi öz içine aldy.
Guralan sergi üç sany tematiki bölümden ybarat boldy. Birinji bölümde gadymy milli egin-eşikler, bezeg şaýlary, aýakgaplar, durmuşda ulanylýan esbaplar, haly önümleri, şeýle hem saz gurallary görkezildi. Bu bölümde Täze ýylyň – Nowruz baýramynyň nyşany hökmünde bugdaýyň ösüp oturan gök maýsasy hem görkezildi.
Ikinji bölümde Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň gaznalarynda saklanýan eksponatlar ýerleşdirildi. Olar biziň ýurdumyzyň çäklerinde gazylyp alynýan dürli görnüşli peýdaly magdanlardyr. Ekskursowodlar Türkmenistanyň çäklerinde magdanlaryň gazylyp alynýan ýerleri, halk hojalygynyň ençeme pudaklarynda ulanylyşy we olaryň ýeriň dürli gatlaklarynda emele gelşi barada gyzykly gürrüň berdiler. Muzeýiň paleontologik kolleksiýasy çagalarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Olar 270 million ýyl mundan ozal daşa öwrülen agaç, 150 million ýyl ýeriň astynda ýatan kelleaýakly mollýuskalar, şeýle-de, neogen döwrüniň balykgulaklary bilen tanyşdylar.
Serginiň üçünji bölümi Türkmenistanyň çäklerinde gabat gelýän guşlaryň dürli görnüşlerine bagyşlandy. Serginiň dowamynda çagalara Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bukletleri paýlanylyp berildi.
Gyzykly ekskursiýadan soň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda barlagnama görnüşinde bäsleşik geçirildi. Has köp bal toplan okuwçylar professor Eldar Rustamowyň redaksiýasy bilen çap edilen «Türkmenistanyň guşlary» atly kitaby we muzeýiň uly ylmy işgäri, paleontolog Aman Nigarowyň «Türkmenistanyň gadymy pilleri» atly kitaby bilen sylaglanyldy.