Primary tabs
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi bilen bilelikde, Indira Gandi adyndaky Aşgabat Lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýyly mynasybetli «Zehinli ýaşlaryň ýaňy» atly bäsleşigiň birinji tapgyry geçirildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzy kuwwatly döwlete öwürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, milli ýörelgelerimizi ösdürmek, ýokary ahlakly, ylymly-bilimli, sagdyn nesli kemala getirmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň «Muzeýlere ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemäge ýardam etmekde, türkmen halkynyň taryhyny öwrenmekde, milletimiziň ruhy mirasyny gorap saklamakda uly orun degişlidir» diýip belleýşi ýaly, muzeý gymmatlyklary terbiýeçilik işinde aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde ýaş nesliň muzeý we muzeý gymmatlyklary baradaky düşünjelerini ösdürmek, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, bu ýere gelýänlere guramaçylykly hyzmat etmek maksady bilen, orta we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ysnyşykly aragatnaşyk ýola goýuldy. 2019-njy ýylyň 15-nji martynda Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi bilen bilelikde, Indira Gandi adyndaky Aşgabat Lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýyly mynasybetli «Zehinli ýaşlaryň ýaňy» atly bäsleşigiň birinji tapgyry geçirildi.
Bäsleşigi Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Tebigat bölüminiň müdiri Enejan Altyýewa açdy.
Bäsleşigiň açylyşyna muzeýiň işgärleri we Indira Gandi adyndaky Aşgabat Lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymlary hem-de talyplary işjeň gatnaşdylar. Ýaşlaryň bilimini ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolan bäsleşigiň açylyş dabarasynda çykyş edenler eziz Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadan durmuşy üçin beýik işleri amala aşyrýan milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.