Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Margiana – Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy» atly arheologik sergisine bagyşlanan «Muzeý gymmatlyklary we medeni gatnaşyklar» atly tegelek stoluň başyndaky duşuşyk

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halky hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli işleriniň netijesinde uly üstünlikleri, özgertmeleri başdan geçirýär. Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» diýip atlandyrylan ýylynda ýurdumyzyň medeniýetini, taryhyny hem-de medeni-mirasyny dünýä ýaýmakda köp işler alnyp barylýar. Bu işleriň depginli öňe ilerlemegine medeniýet ulgamynyň esasy ugurlarynyň biri bolan muzeýler hem öz goşandyny goşýar.

Türkmenistanda Milli medeniýetiň ösmegi üçin ähli şertler döredilýär. Diýarymyzda dünýä derejesine laýyk muzeý binalarynyň gurulmagy, asly müň ýyllyklara uzaýan türkmen halkynyň taryhyny ylmy taýdan öwrenmek, dünýä muzeýleriniň tejribesini özleşdirmek we durmuşa ornaşdyrmak, şeýle hem türkmen muzeýleriniň tejribesini ýer ýüzüne ýaýmak, onuň dünýä ylmyndaky orny we ähmiýeti bilen halkara ylmy jemgyýetçiligini ýakyndan tanyşdyrmak, türkmeniň umumy adamzat ähmiýetli taryhy we medeni ýadygärliklerini gorap saklamak boýunça halkara hyzmatdaşlygyny has-da çuňlaşdyrmak, ýaş nesli merdana ata-babalarymyzyň gymmatly ruhy medeni-mirasyna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen geçirilýän halkara sergiler, ylmy maslahatlar ýurdumyzyň muzeý işgärleri üçin örän wajypdyr.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň we Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gaznasyndan Margiana döwletine degişli muzeý gymmatlyklary Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäheriniň Täze Muzeýinde, Gamburg şäheriniň Arheologiýa muzeýinde, häzir bolsa Mangeýim şäheriniň Reiss-Engelhorn muzeýinde «Margiana – Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy» atly arheologik sergisi gurnaldy. Bu täsin we hiç gaýtalanmajak ajaýyp tapyndylar ilkinji gezek daşary ýurda sergä çykaryldy, hem-de köpçüligiň ünsüni özüne çekdi.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň paýtagty Berlin şäheriniň «Täze muzeýinde» geçirilen ilkinji sergä 385 müňe golaý adam tomaşa etdi. Serginiň Gamburg şäheriniň Arheologiýa muzeýinde ýaýbaňlandyrylan döwründe bolsa oňa 8 müň 230 adam baryp gördi. Ilaty 300 müň adamdan geçýän Mangeým şäherinde hem bu serginiň uly islege eýe boljakdygyny ynam bilen aýdyp bileris. Muzeýiň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, 2019-njy ýylyň 9-njy fewralynda açylan Margiana medeniýeti bilen bagly sergi hakynda bildirişleriň ýaýradylan gününden bäri gyzyklanyp, dürli sowallar bilen ýüzlenýänleriň sany gün geçdigiçe köpeldi. Bu gün bolsa şäheriň ýaşaýjylarydyr myhmanlary bürünç asyrynyň gülläp ösen medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Margiana – sözüň doly manysynda beýik medeniýet. Görşimiz ýaly, bir ýyla golaý wagtyň içinde bu beýik medeniýet öz syrlaryny 400 müňe golaý adama açdy. Ýakyn geljekde Margiana medeniýeti bütin dünýäniň dilinden düşmez.

Ynha şol sergä bagyşlanyp 12-nji martynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň gurnamagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Muzeý gymmatlyklary we medeni gatnaşyklar» atly tegelek stoluň başyndaky duşuşyk geçirilýär. Duşuşyga Germaniýa Federatiw Respublikasynyň muzeýleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şol döwletiň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary we ylmy işgärleri, muzeýleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşýarlar.

Maslahatda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherindäki Gadymy we irki taryhy muzeýiniň direktory Mattias Wemhof, şol muzeýiň baş gazna saklaýjysy Manfred Nawrot, esasy ylmy işgäri Anton Gass, Mangeým şäherindäki Raýs-Engelhorm Muzeý toplumynyň baş direktory Alfred Wiçorek we direktory Sýuzanna Wihert, Gamburg şäherindäki Arheologiýa muzeýiniň direktory Raýner-Mariýa Waýs, şol muzeýiň kommersiýa direktory Torsten Rýomer, muzeýiň ylmy işgäri Mihail Merkel, Gamburg şäherindäki tehniki uniwersitetiniň hormatly professory Hanno Şaumburg, Gamburg şäheriniň binagäri, Gamburg şäheriniň Arheologiýa muzeýiniň hyzmatdaşy Barbara Andrea Flekenştaýn çykyş etdiler. Olar medeni, arheologiýa we muzeý işi babatda ikiçäk hyzmatdaşlygyň geljekki wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.