“Türkmenistan-rowaçlygyň we ösüşleriň ýurdy” atly göçme sergi gurnaldy

 
2019-nji ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “Türkmenistan-rowaçlygyň we ösüşleriň ýurdy” atly göçme sergi gurnaldy
 
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen medeniýeti uly rowaçlyklara beslenýär. Adamzat nesliniň taryhy, medeniýeti bilen bagly gymmatlyklarymyzy dikeltmekde, dünýä halklarynyň dostlukly gatnaşyklaryny mundan beýläk hem pugtalandyrmakda, ynsanperwerligi, parahatçylygy wagyz etmekde, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemekde ýurdumyzyň muzeýleriniň bahasyna ýetip bolmajak orny bardyr. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi hem bu işe öz mynasyp goşandyny goşýar we ýokary okuw mekdeplerinde “Türkmenistan-rowaçlygyň Watany” ýylyna bagyşlanan göçme sergileri yzygiderli gurnaýar. 
 
Şeýle göçme sergi 2019-nji ýylyň 11-nji martynda M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde hem gurnaldy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznasyndaky gymmatlyklardan gurnalan sergi “Türkmenistan-rowaçlygyň we ösüşleriň ýurdy” diýip atlandyryldy. Serginiň dowamynda Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek babatda alyp barýan beýik işleri, lukmançylyk ylmyna bagyşlanan ajaýyp kitaplary barada talyp-ýaşlar bilen özara söhbetdeşlik guradylar we türkmen halkynyň taryhynda öçmejek yz galdyran orta asyr alymlary, olaryň gymmatly ylmy işleri barada gürrüň berdiler. Göçme serginiň açylyş dabarasyna lukmançylyk uniwersitetiniň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Mergen Gullaýew, Döwlet muzeýiniň medeni aň-bilim işleri bölüminiň müdiri Öwez Rahmanow, Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň etnografiýasy ylmy-barlag bölüminiň müdiri Enebaý Amanberdiýewa gatnaşdylar. 
 
Göçme serginiň açylyşynda uniwersitetiniň sazandalar topary aýdym-saz bilen çykyş etdiler.