Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Bagtyýar zamananyň türkmen gelin-gyzlary” atly sergi gurnaldy

 

2019-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Bagtyýar zamananyň türkmen gelin-gyzlaryatly sergi açyldy. Sergä Watanymyzyň tanymal adamlary, muzeý, medeniýet we döredijilik işgärleri, ýokary we ýörite okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň gelin-gyzlarymyzyň zähmetine ýokary baha berýär. Biziň ýurdumyzda hem bu baýramyň dabaraly ýagdaýda giňden bellenilmegi, zenanlara gowşurylýan döwlet sylaglary munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp gurnalan Bagtyýar zamananyň türkmen gelin-gyzlaryatly sergide bahar pasly, mähriban Diýarymyzyň tebigaty, gelin-gyzlarymyzyň gözelligi suratlaryň, zergärçilik kompozisiýalarynyň we haly pannolaryň üsti bilen beýan edilýär.

Halkymyz adamzat taryhynyň irki döwürlerinden başlap, gelin-gyzlara aýratyn söýgi we hormat bilen garapdyr. Sergide eneolit we bürünç asyrlaryna degişli aýal heýkeljikleri, balykgulaklardan hem-de daşlardan ýasalan monjuklar we bilezikler, sürme saklanýan çüýşeler, pudra gutujyklary we başga-da zenanlar bilen baglanyşykly birnäçe gymmatlyklar görkezilýär.

Älemgoşar öwüşginli dürli reňkli keteniden tikilen owadan milli lybaslarymyz sergä aýratyn gözellik, gaýtalanmajak millilik ruhuny çaýýar. Elde edilen nagyşlardyr keşdeler bilen bezelen milli egin-eşiklerimiziň şu günlere çenli gelip ýetendigi üçin biz gelin-gyzlarymyza, enelerimize, mamalarymyza minnetdar bolmalydyrys. Kümüşden ýasalan we gymmat baha tebigy reňkli daşlar bilen bezelen milli bezeg şaýlary sergä özboluşly bezeg berýär. Muzeýiň gaznalaryndan tumar, bilezikler, asyk, gülýaka ýaly bezeg şaýlary we beýlekiler sergide goýlupdyr.

Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kаndidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow gutlag sözi bilen açdy.

Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Baş drama teatrynyň edebiýat bölüminiň müdiri Gowşutgeldi Daňatarow, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň esasy hünärmeni Aknabat Myradowa, şahyr Bahargül Kerimowa, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Oguljemal Çaryýewa, Aşgabat şäher häkimliginiň Ýaşulylar guramasynyň agzasy, zähmet weterany Ogulgül Annageldiýewa, “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” žurnalynyň bölüm redaktory Jumaberdi Artykow, “Türkmenistan” gazetiniň bölüm redaktory Akmyrat Hojanyýaz, “Ahal durmuşy” gazetiniň bölüm redaktory Dürnabat Aşyrowa, “Bereketli toprak” gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary Aýnabat Ataýewa, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bölüm müdiri Ogulbaýram Meläýewa, Türkmen döwlet binagärlik- gurluşyk institutynyň mugallymy Meýlis Nuryýew gatnaşdylar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň talyplary, Aşgabat şäher ýaşulular guramasynyň agzalary, zähmet weteranlary sergä myhman hökmünde gatnaşdylar.

Dabarada örän gyzykly hem täsirli çykyşlar edilip, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Myhmanlar Döwlet muzeýinde gurnalan Bagtyýar zamananyň türkmen gelin-gyzlary” atly sergä aýlanyp gördüler.