Primary tabs
2019-njy ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Asyrlara ýörelge – nesillere görelde» atly okuw-usuly maslahat boldy. Maslahata Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan gelen medeniýet işgärleri, mirasgärler, deri önümleriniň ussalary, tamdyr ussalary, keçeçi zenanlar, milli tagamlary taýýarlaýjylar gatnaşdylar.
ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň ýolbaşçysy Kuwandyk Poladow maslahatda giriş sözi bilen çykyş etdi. Usuly maslahatda şeýle hem Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň ýaşaýjysy, milli tagamlary taýýarlaýjy Sonagül Annaýewa, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň ýaşaýjysy, mirasgär Örebaý Orazow, Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynyň ýaşaýjysy, deri önümleriniň ussasy Rejep Bazarow, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň ýaşaýjysy, medeniýet işgäri, milli tagamlary taýýarlaýjy Gülzada Meňlikulowa, Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň ýaşaýjysy, keçeçi zenan Şemşat Kuwwadowa, Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň ýaşaýjysy, tamdyr ussasy Şasoltan Geldiýewa, Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň ýaşaýjysy saçak dokaýjy Hajar Gülalyýewa, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň ýaşaýjysy, medeniýet işgäri, mirasgär Gunça Agageldiýewa, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Marçak obasynyň ýaşaýjysy, keçeçi zenan Akjemal Agageldiýewa, Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň gözegçisi, mirasgär Akgül Annasaparowa çykyp geplediler.
Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Asyrlara ýörelge – nesillere görelde» atly amaly–haşam sungatynyň eserleriniň sergisi gurnaldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen 2019-njy ýylyň «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» diýip atlandyrylmagy türkmen halkyny galkyndyrdy. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem birnäçe işler alnyp barylýar. Bu ýerde gurnalan «Asyrlara ýörelge – nesillere görelde» atly sergi hormatly Prezidentimiziň parasatly sözleri bilen başlanyp, sowgatlyk zergärçilik eserleri görkezilýär.
Sergide amaly-haşam sungatynyň eserleri: haly we haly önümleri çuwal, torba, ikselik, ukujy, horjun, düýe bezegleri, öý ýüpi, keçe we keçe önümleri – keçe bukja, kiçi tegelek keçeler, zergärçilik sungatynyň önümleri – tumar, heýkel, açarbag, gülýaka, şelpeli gülýaka, bilezik, bukaw, dagdan ýaly bezeg şaýlary goýuldy. Türkmen milli egin-eşikleri «Keteni» köýnek, gyzyl, ýaşyl kürte, ak, sary, ýaşyl çyrpy, gyzyl düýpli gyňaç, böke köwüş, durmuş esbaplary – agaç okara, agaç çemçe, tüň, demkeş, erkek adamyň eşikleri, örülen milli gymmatlyklar yzygiderlikde ýerleşdirildi.
Maslahatyň çäklerinde «Asyrlara ýörelge – nesillere görelde» atly bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Diplomlary we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň sowgatlary gowşuryldy hem-de bu bäsleşigiň 2019-njy ýyl tapgyry yglan edildi.
Myhmanlar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde gurnalan «Asyrlara ýörelge – nesillere görelde» atly amaly – haşam sungatynyň eserleriniň sergisine aýlanyp gördüler.