Primary tabs
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi «Asyrlara ýörelge-nesillere görelde» atly serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmak isleýänleriň ählisini 2019-njy ýylyň 22-nji fewralynda sagat 10:00-da myhmançylyga çagyrýar.
Türkmenistanyň bäş müňýyllyk baý taryhy mirasy, medeniýeti we etnografiýasy bar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi amaly-haşam sungatynyň önümlerini, ýagny milli egin-eşikleri – lybaslary, zergärçilik sungatynyň, haly sungatynyň, keçe önümlerini hemişelik sergi zallarynda görkezýär we gaznasynda gorap saklaýar. Türkmen halkynyň amaly-haşam sungaty gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Arheologiki gazuw-agtaryş işleri netijesinde tapylan keramiki gaplardaky nagyşlar şu döwürdäki haly we egin-eşik, zergärçilik önümlerindäki nagyşlara meňzeş bolup, neolit döwründen bäri dowam edip gelýär. Keramika önümlerindäki nagyşly gaplar we nagyşly küýze bölekleri, şeýle-de amaly-haşam sungatynyň baý nagyşly önümleri Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznasynda saklanýar we ylmy esasda öwrenilýär. Türkmen halkynyň egin-eşikleri ýaş we nagyş aýratynlyklary boýunça tapawutlanýar. Olara çaga eşikler, ýaş gyz-gelinleriň, orta ýaşan zenanlaryň, ýaşuly ene-mamalarymyzyň egin-eşikleri we bezeg şaýlary degişlidir. Türkmen halky üçin türkmeniň ak öýüni bezeýän haly we haly önümleri we el işleri, keçe önümleri uly ähmiýete eýedir. Olar hojalykda durmuş hajatlary üçin giňden ulanylypdyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen 2019-njy ýylyň «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» diýip atlandyrylmagy türkmen halkyny galkyndyrdy. Şu mynasybetli birnäçe işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi «Asyrlara ýörelge-nesillere görelde» atly sergi gurnady. Sergi hormatly Prezidentimiziň parasatly sözleri bilen başlanyp, sowgatlyk zergärçilik eserleri görkezilen.
Şeýle-de serginiň dowamynda amaly-haşam sungatynyň önümleri görkezildi. Olara: haly we haly önümleri: çuwal, torba, ikselik, ukujy, horjun, düýe bezegleri, öý ýüpi, keçe we keçe önümleri – keçe bukja, kiçi tegelek keçeler, zergärçilik sungatynyň önümleri – tumar, heýkel, açarbag, gülýaka, şelpeli gülýaka, bilezik, bukaw, dagdan ýaly bezeg şaýlary, türkmen milli egin-eşikleri – keteni köýnek, gyzyl, ýaşyl kürte, ak, sary, ýaşyl çyrpy, gyzyl düýpli gyňaç, böke köwüş, durmuş esbaplary – agaç okara, agaç çemçe, tüň, demkeş, erkek adamyň eşikleri, örülen milli gymmatlyklar yzygiderlikde ýerleşdirildi.
Çuňňur hormatlanýan Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan düýpgöter özgerdi. Milli Lidermiziň alyp barýan döredijilikli syýasaty esasynda türkmen halkynyň taryhyny we medeniýetini ösüp gelýän ýaş neslimize, halkymyza, daşary ýurtly myhmanlara muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen ýaýmaga, öwretmäge mümkinçilik döredi.