Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Taryhy baý Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» atly göçme sergi

 

2019-njy ýylyň «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ýylyň dowamynda yzygiderli göçme sergi gurnamagy maksat edinýär. Şeýle bolansoň Döwlet muzeýi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Taryhy baý Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» atly göçme sergi gurnady. Sergi 12-nji fewralda uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň gatnaşmagynda dabaraly açyldy.

Sergide Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Öwezmuhammet Mämmetnurow hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiň ylmy işleri boýunça prorektory Gulgeldi Annaýew we arheologiýa hünäriniň dördünji ýyl talyby R.Hojageldiýew  çykyş etdiler. Olar «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» diýlip atlandyrylan ýylynda milli Lidermiziň ýurdumyzy okgunly ösüşlere alyp barýanlygy, durmuşa geçirýän özgertmeleri aýdyňlygy bilen subut edýändigi barada, şol sanda türkmen halkynyň şöhratly taryhyny öwrenmek, milli gymmatlyklarymyzyň ajaýyplyklaryny ýaşlaryň bilim-terbiýe işiniň esasyna öwrülmegi dogrysynda alyp barýan işler hakynda täsirli gürrüňler etdiler.

Bu sergä «Türkmenistan», «Ýaşlyk», teleýaýlymlarynyň we «Nesil» «Нейтральный Туркменистан», «Watan», «Türkmenistan», «Edebiýat we sungat» gazetleriniň, «Medeniýet» žurnalynyň habarçylary gatnaşdylar. Muzeýiň ylmy işgärleri A.Durdyýew, M.Gairowa we Ş.Karaýewa muzeý sergisiniň mazmunyny düzýän taryhy we amaly-haşam sungatyna degişli muzeý gymmatlyklara barada habarçylara hem-de sergä gatnaşyjylara gyzykly gürrüňler berdiler.

«Taryhy baý Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» atly göçme sergide ýerleşdirilen sungatyň dürli ugurlaryna degişli bolan muzeý gymmatlyklary oňa gatnaşyjylarda örän uly täsir galdyryp, olar şeýle bagtyýar durmuşy halkyna bagyş eden Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny bildirdiler.