Primary tabs
2019-njy ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Watan goragy – asudalygyň kepili» atly serginiň dabaraly açylyşy boldy. Dabara ýurdumyzyň tanymal adamlary, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň wekilleri, harby talyplary, Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň okuwçylary,esgerler gatnaşdylar.
Her ýylyň 27-nji ýanwarynda Watan goragçylarynyň gününiň ýurt derejesinde giňden bellenilip geçilmegi Watan goragçylarynyň güýjüne güýç, gaýratyna gaýrat goşýar. Şu şanly senä bagyşlap, Türkmenistanyñ Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeỳinde «Watan goragy – asudalygyň kepili» atly sergi gurnaldy. Sergi Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň fotosuraty bilen başlanýar. Sergide hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenistanyň harby bölümlerinde okuw türgenleşikleriniň geçirilýän pursatlarynyň fotosuratlary esasy orny tutýar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri bilen baglanyşykly muzeý gymmatlyklary, Gahryman Arkadagymyza berlen sowgatlyklar, gymmatbaha we ýarym gymmatbaha daşlar bilen bezelen gylyçlar, kümüşden ýasalyp, altyn çaýylan hanjarlardyr gamalar sergilenýär. Serginiň şu bölüminde muzeý gaznasynda saklanylýan haly panno, tanymal suratkeş Ýakup Annanurowyň triptihi, 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gahrymançylyk görkezen türkmen esgerleriniň portretleri, Türkmenistanyň döwlet nyşanlaryna we mukaddesliklerine bagyşlanan zergärçilik sungat eserleri hem-de harby temadan ýazylan kitaplar görkezilýär.
Dabarany Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kаndidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow gutlag sözi bilen açdy. Dabara «Türkmenistan» gazetiniň bölüm redaktory Akmyrat Hojanyýazow, «Milli goşun» žurnalynyň bölüm redaktory Aşyrmet Garly, TGM-niň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň okuw rotasynyň serkerdesi, kapitan Şamyrat Kürräýew, «Adalat» gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary Gurbanjemal Anakowa, 20016-njy harby bölüminiň medeniýet öýüniň başlygy Akgözel Babageldiýewa, Merkezi saýlaw toparynyň baş hünärmeni Güljemal Nuryýewa, TGM-niň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň okuw rotasynyň serkerdesi, kapitan Atamyrat Abdyrahmanow, TGM-niň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň 8-nji synp harby okuwçysy Kerimberdi Amangulyýew gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylar sergä aýlanyp gördüler, muzeýiň işgärleriniň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňlediler.