Primary tabs
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Watan goragçylarynyň güni mynasybetli gurnalan «Watan goragy – asudalygyň kepili» atly serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmak isleýänleriň ählisini 2019-njy ýylyň 25-nji ýanwarynda sagat 15:00-da myhmançylyga çagyrýar.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow:
Harby tehnika we ýaraga söýgi, ony
ulanmaklygyň sungaty merdana peder-lerimizden
miras galan şöhratly däplerdir.
Watan goragy – asudalygyň kepili
«Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylyň ilkinji aýynyň Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 27 ýyllygy hem-de Watan goragçylarynyň güni bilen dabaralanmagy hemmämiziň ýüreklerimizi joşdurdy.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri biziň göz-guwanjymyzdyr. Watan serhetden başlanýar. Serhetlerimizi goramak, halkymyzyň asuda durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek üçin türkmen serkerdeleri we esgerleri gije-gündiz Watan goragynda durýarlar.
Geçmişde ata-babalarymyzyň görkezen gahrymançylyklary olary ýurdumyzyň çäklerini goramaga hemişe taýýar bolmaga ruhlandyrýar. Türkmen esgerlerine we serkerdelerine şöhratly taryhymyzdan görelde alara zat kän. Taryhyň dürli döwürlerinde türkmen gerçekleriniň görkezen gahrymançylygy, batyrlygy, gaýduwsyzlygy barada ýazylan taryhy we çeper eserleriň sany-sajagy ýok. «Gorkut ata», «Görogly» ýaly eposlarymyzda, «Ýusup-Ahmet», «Döwletýar» ýaly dessanlarymyzda Watanyna wepaly, güýç-gaýratly, söweşde gaýduwsyz gahrymanlaryň waspy ýetirilýär. Ýaragly Güýçlerimiz täze belentliklere tarap ynamly öňe barýan ýurdumyz bilen bilelikde ösýär, kämilleşýär we kuwwatlanýar.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan işlenilip taýýarlanylan goranyş häsiýetli harby Doktrinasy halkymyzyň jana-jan bähbitlerine hyzmat edýär. Bu doktrina goňşy döwletler bilen dostluk gatnaşyklaryny saklamaga giň ýol açýar.
Her ýylyň 27-nji ýanwarynda Watan goragçylarynyň gününiň ýurt derejesinde giňden bellenilip geçilmegi Watan goragçylarynyň güýjüne güýç, gaýratyna gaýrat goşýar. Şu şanly senä bagyşlap, Türkmenistanyñ Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeỳinde hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Watan goragy – asudalygyň kepili» atly sergi guraldy. Bu sergi Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň fotosuraty bilen başlanýar. Sergide hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenistanyň harby bölümlerinde okuw türgenleşikleriniň geçirilýän pursatlarynyň fotosuratlary esasy orny tutýar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri bilen baglanyşykly muzeý gymmatlyklary: Türkmenistanyň esgerleriniň Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäheriň Gyzyl meýdançasyndaky fotosuraty, hormatly Prezidentimize berlen sowgatlyklar we gymmatbaha we ýarym gymmatbaha daşlar bilen bezelen gylyçlar, kümüşden ýasalyp, altyn çaýylan hanjarlardyr gamalar sergilenýär. Serginiň şu bölüminde muzeý gaznasynda saklanylýan haly panno we Türkmenistanyň döwlet nyşanlaryna we mukaddesliklerine bagyşlanan zergärçilik sungat eserleri hem-de harby temadan ýazylan kitaplar görkezilýär.