Medeniýet – ruhy kämilligiň gözbaşy

 

 

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi «Türkmenistan –rowaçlygyň Watany» ýyly mynasybetli geçiriljek «Medeniýet – ruhy kämilligiň gözbaşy» atly serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmak isleýänleriň ählisini 2019-njy ýylyň 11-nji ýanwarynda sagat 15:00-da myhmançylyga çagyrýar.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

«Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri medeniýetiň we sungatyň, milli mirasyň, däp-dessurlaryň galkynýan, ösýän döwrüdir».

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen medeniýeti beýik rowaçlyklara beslenýär. Medeniýet türkmen halkynyň müňýyllyklara barabar taryhynyň bütin dowamynda döwletleri we halklary ýakynlaşdyrýan uly güýç hasaplanylypdyr we oňa çäksiz sarpa goýlupdyr. Ata-babalarymyzyň medeni gymmatlyklara uly sarpa goýmak bilen baglanyşykly ajaýyp däp-dessurlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde bu däpler täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz her ýylyň özüne örän laýyk gelýän at goýýar. 2019-njy ýyly hem halkymyzyň göwün islegine laýyklykda, «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» diýip yglan etdi. Gahryman Arkadagymyzyň köňül mährine ýugrulan, halkymyzyň ýürek buýsanjyna öwrülen bu ganatly sözler şu ýylyň baş ýörelgesine öwrüldi.

Rowaçlyk diýmek parahatçylygy, abadançylygy, ösüş-özgerişi, täze-täze sepgitlere ýetmegi, diňe ýurdumyzyň däl, eýsem tutuş Zeminiň gülläp ösmegini aňladýan söz. Aslynda biziň şirin-şeker duýgulara, şahyrana sözlere baý bolan nurana dilimiz bar. «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» diýen şahyrana sözler bolsa 2019-njy ýylyň tutuş süňňüne laýyk gelýän ajaýyp at boldy. Gahryman Arkadagymyzyň daşynda mäkäm jebisleşen türkmen halky täze, «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylyny uly joşgun bilen mynasyp garşylady. Tutuş halkymyzyň bu ady ýokary ruhubelentlik, uly şatlyk-şowhun bilen goldamagy bu ýylyň adynyň hem örän ýerine düşendigini aňladýar. Ýurdymyzda ýaýbaňlandyrylan ähli işleriň gözbaşynda döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz zähmeti, taýsyz tagallalary, öz halkyny, onuň şöhraty taryhyna bolan beýik söýgüsi, halkymyzyň şu güni we geljegi barada düýpli aladalary durýar.

 Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir» diýen baş ýörelgä esaslanýan içeri we daşary syýasaty dünýä bileleşiginiň iň iri we abraýly guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň agza ýurtlary tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa ornaşdyrmaga gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» diýip yglan edilen 2019-njy ýylda milli ykdysadyýetimizde uly ösüşler gazanylar, medeniýet, sungat, döredijilik ulgamynda halkymyza estetik terbiýe bermekde, oba hojalykda, senagatda, gurluşykda işler täze rowaçlyklara beslener.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenistan –rowaçlygyň Watany» ýyly mynasybetli «Medeniýet – ruhy kämilligiň gözbaşy» atly sergi gurnaldy. Sergi hormatly Prezidentimiziň täze 2019-njy «Türkmenistan –rowaçlygyň Watany» barada aýdan parasatly sözleri bilen açylýar. Esasy orun hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren kitaplaryna, ýurdumyzyň ähli ugurlarda ösüşlerini janlandyrýan halylara, fotosuratlara, gymmatlyklara, Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň gaznasynda saklanylýan zergärçilik sungat eserlerine berilýär.