«Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylyna bagyşlanan dabara

 

2019-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» diýlip at berlen ýyla bagyşlanan dabara geçirildi. Dabara Watanymyzyň tanymal adamlary, muzeý, medeniýet we döredijilik işgärleri, ýokary we ýörite okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagynda bellenilişi ýaly, «Türkmenistan–Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýyl uly üstünliklere beslendi. 2018-nji ýyl berkarar Watanymyzyň, merdana halkymyzyň durmuşynda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylan ýyllarynyň biri boldy. Şol ýylyň şanly wakalary ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň halky Täze ýyly agzybirlik hem-de ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda garşylady. Bu bolsa 2019-njy ýylda hem eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen beýik işleriň durmuşa geçiriljekdiginiň girewidir. Çykyp geplänleriň belleýşi ýaly, garaşsyz ýurdumyza buýsanjymyz, guwanjymyz «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynda has-da berkäp, merdana halkymyzyň watansöýüjiligi we tutanýerli zähmeti bilen uly üstünlikler gazanylar.

Dabarany Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kаndidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow gutlag sözi bilen açdy.

Dabarada Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň halk artisti Çary Berdiýew, «Garagum» žurnalynyň bölüm redaktory, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýsoltan Kowusowa çykyp geplediler.

Dabara gatnaşyjylar Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýine aýlanyp gördüler, muzeýiň işgärleriniň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňlediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Mizan» işewürlik merkezinde geçirilen Täze ýyl dabarasynda öz agtygy bilen üç dilde – türkmen, iňlis, nemes dillerinde ýerine ýetiren «Arzuw» atly aýdymy bada-bat ýüreklere ornaşyp, ildeşlerimiziň köňül senasyna öwrülendigine şaýatlyk edýän fotosurat muzeýde ýerleşdirildi. Bu aýdymyň sözlerini Gahryman Arkadagymyz, sazyny bolsa agtygy Kerimguly Berdimuhamedow ýazypdyrlar.