Primary tabs
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2018-nji ýylyň 26-njy noýabrynda «Muzeý işini ösdürmekde sanly ulgamyň ähmiýeti» atly ylmy-usuly maslahat geçirildi. Maslahatyň işine ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleriniň, paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän muzeýleriň, şeýle hem käbir etraplaryň muzeýleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýylyň 12-nji noýabrynda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda beren tabşyryklaryna laýyklykda häzirki zaman kompýuter maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň ähmiýeti barada gürrüň edildi. Häzirki wagtda Döwlet muzeýiniň işinde internet ulgamy giňden ulanylýar. Muzeýiň öz internet saýty (museum.gov.tm) hereket edýär. Bu saýt muzeýe gelýän adamlara hyzmat etmekde hem üstünlikli ulanylýar. Olar Döwlet muzeýinde bolup geçýän täzelikler, wakalar, täsin gymmatlyklar, sergi bölümler bilen yzygiderli tanyşýarlar. Şeýle hem saýt habarlaşmak üçin ulanylýar, onda muzeýiň salgysy, oňa barýan ýollar we ulaglar barada maglumat berilýär.
Soňky ýyllarda muzeýi görmäge syýahatçylar köp gelýär. Olar Türkmenistanyň muzeýleri barada maglumatlary esasan Döwlet muzeýiniň saýtyna girip okaýarlar we gelip görmegi maksat edinýärler.
Maslahatda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow muzeý işini kämilleşdirmegiň möhüm ugurlary, şol sanda muzeýleriň merkezleşdirilen sanly ulgama geçmekleri barada durup geçdi. Bu mesele boýunça Döwlet muzeýiniň direktorynyň orunbasary W.Baratow hem çykyş edip, internet ulgamyny we sanly ulagamy ornaşdyrmak boýunça Döwlet muzeýiniň iş tejribesi barada aýtdy.Maslahatda Döwlet muzeýiniň bu babatda ýurdumyzyň ähli muzeýlerine ylmy-usuly taýdan goldaw berjekdigi bellenildi.