Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2018-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Hasyl toýy mynasybetli «Rysgal-döwletliligiň we halal zähmetiň baýramy» atly sergi açyldy

 

Harman ýa-da hasyl toýuny etmek türkmenlerde ir döwürlerden bäri däp bolup gelýär. Harman toýuny köplenç güýz paslynda belläpdirler. Daýhanlar bu toýa uly taýýarlyk görüp, täze hasylyň unundan çörek bişiripdirler. Toýda näz-nygmatdan doly saçaklar ýazylyp, bugdaýyň täze hasylyndan bişirilen ýarma hödür-kerem edilipdir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem her ýylyň noýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Hasyl toýy döwlet derejesinde bellenilip geçilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpadan nyşandyr» diýip nygtaýar.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem hasyl toýuna bagyşlanyp «Rysgal-döwletliligiň we halal zähmetiň baýramy» atly sergi gurnaldy. Bu sergide türkmeniň bereketli topragynda önýän gallanyň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny wasp edýän nakgaşçylyk eserleri, resmi fotosuratlar, haly we haly önümleri, bäş welaýatyň milli nagyşlary bilen bezelen içi pagtaly horjunlar, türkmen halkynyň bereket bolçulygyny alamatlandyrýan bugdaý desseleri, bulardan başga-da, gadymy Änew medeniýetiniň taryhy ýadygärlikleriniň we şol ýerden tapylan medeni gymmatlyklaryň fotosuratlary, muzeý gaznahanalarynda saklanýan milli gymmatlyklaryň toplumy, zähmet gurallary, taryhy tapyndylar öz beýanyny tapdy.

Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kаndidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow gutlag sözi bilen açdy.

Serginiň açylyş dabarasyna S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň maldarçylyk fakultetiniň uly mugallymy Saparmyrat Annamuhammedow, «Ak bugdaý» pagta arassalaýjy kärhanasynyň gözegçi agronomy Myratberdi Çopanow, Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugynyň garamagyndaky hojalyk hasaplaşygyndaky redaksion birleşiginiň baş hünärmeni Oguljemal Çaryýewa, Türkmenistanyň Oba we suw hojalygy ministrliginiň «Türkmen Suw taslama» institutynyň ylmy bölüminiň başlygy Gurbannyýaz Hommadow, şol ministrligiň «Türkmen Suw taslama» institutynyň meliorasiýa bölüminiň esasy hünärmeni Döwlet Nurmuhammedow, «Garagum» žurnalynyň bölüm redaktory Nurtäç Annamuhammedowa, «Bereketli toprak» gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary Aýnabat Ataýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikler institutynyň bölüm müdiri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Pirli Kepbanow gatnaşdylar.

Şeýle hem Ahal welaýatynyň «Ak bugdaý» etrabynyň M.Sopyýew adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň daýhanlary, Türkmenistanyň Binagärlik we gurluşyk institutynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary bizde myhmançylykda boldular. Dabarada örän gyzykly hem täsirli çykyşlar edilip, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Dabara gatnaşyjylar Döwlet muzeýinde gurnalan «Rysgal-döwletliligiň we halal zähmetiň baýramy» atly sergä aýlanyp gördüler, muzeýiň işgärleriniň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňlediler.