Primary tabs
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Hasyl toýy mynasybetli gurnalan «Rysgal-döwletliliginiň we halal zähmetiň baýramy» atly serginiň açylyşyna gatnaşmak we sergini synlamak isleýänleriň hemmesini 2018-nji ýylyň 9-njy noýabrynda sagat 16:00-da myhmançylyga çagyrýar.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
- Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpadan nyşandyr.
«Harman toýuny» ýa-da «hasyl toýuny» etmek hem türkmenlerde ir döwürlerden bäri däp bolup gelýär. Hasyl toýuny tomusda galla ýygnalandan soňra, güýzde bolsa beýleki ekinleriň hasylyny ýygnalandan soň hasyl toýuny belläpdirler. Bu baýram geçmişde şeýle şekilde bellenilipdir. Topragy bilelikde bejerýän ekerançylyk jemagatynyň agzalary (bu jemagat 10-15 adamdan ybarat birnäçe topardan emele gelipdir) umumy hasylyň belli bir mukdaryny alyp, ony satypdyrlar. Olar azyk önümlerini satyn alypdyrlar. Täze hasylyň unundan çörek bişiripdirler. Baýramçylygy obada ýa-da arassalanan bugdaý dänesiniň harmanynyň başynda belläpdirler. Harman toýuny köplenç güýz paslynda belläpdirler. Daýhanlar bu toýa uly taýýarlyk görip tutuş obany çagyrypdyrlar. Toýda näzli-nygmatdan bol saçaklar ýazylyp bugdaýyň täze hasylyndan bişirilen ýarmany ullakan agaç tabaklarda adamlara hödür-kerem edilipdirler.
Asyrlar boýy dowam eden halk seleksiýasy netijesinde üýtgeşik hilli medeni ekinleriň dürli sortlaryny ösdürip ýetişdiripdirler. Tejeniň suwsuzlyga çydamly bugdaýy, Sakaryň gulaby gawuny, ýerli gowaçanyň, jöweniň, miweli agaçlaryň sortlary türkmenleriň öz seleksiýasy (seçip saýlamasy) netijesinde ýetişdirilen ekinlerdir. Gawun türkmen halkynyň baýlygy we buýsanjy. Türkmen topragy gawunyň, üzümiň mekanydyr. Häzirki wagtda oba hojalygynyň düşewüntli pudagy bolan üzümçilik pudagy döwrebap ösdürilýär.
Hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe oba hojalygynyň dürli pudaklaryny ösdürmek olardan öndürilýän önümleriň hiline uly üns berilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem her ýylyň noýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Hasyl toýy baýramçylygy döwlet derejesinde bellenilip geçilýär. Bu döwlet tarapyndan oba hojalyk ulgamyna uly üns berilýändigini görkezýär.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem hasyl toýuna bagyşlanyp «Rysgal-döwletliliginiň we halal zähmetiň baýramy» atly sergi gurnaldy. Bu sergide türkmeniň bereketli topragynda önýän gallanyň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny wasp edýän nakgaşçylyk eserleri, resmi fotosuratlar, haly we haly önümleri, bäş welaýatyň milli nagyşlary bilen bezelen içi pagtaly horjunlar, türkmen halkynyň bereket bolçulygyny alamatlandyrýan bugdaý desseleri, bulardan başga-da, gadymy Änew medeniýetiniň taryhy ýadygärlikleriniň we şol ýerden tapylan medeni gymmatlyklaryň fotosuratlary, muzeý gaznahanalarynda saklanýan milli gymmatlyklaryň toplumy, zähmet gurallary, taryhy tapyndylar öz beýanyny tapdy.