Primary tabs
Şu gün Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň alyp barýan durmuş-ykdysady özgertmeleri, milli medeniýetimiziň ösmegine, türkmen halkynyň bütin dünýäde taryhy we ruhy mirasyny wagyz etmek işlerini pugtalandyrmakda we döwletleriň arasynda medeni gatnaşyklary güýçlendirmeklige ýardam berýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda ileri tutulýan döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde peýdaly hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Netijeli medeni türkmen-german gepleşikleriň çäklerinde geljekki iki taraplaryň uzak möhletleýin gatnaşyklarynyň amala aşmagy üçin möhüm ädim bolar.
Berlindäki «Margiana – Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy» atly sergi 2018-nji ýylyň 24-nji aprelinde başlap, oňa 384 müň 853 adam gatnaşdy, häzirki wagtda sergi Gamburg şäheriniň Arheologiýa muzeýinde, ondan soň bolsa Mangeým şäheriniň Raýs-Engelhorn muzeýinde öz işini dowam eder. Muzeýiň toplumyna girýän seýrek duş gelýän arheologiýa tapyndylary ilkinji gezek Ýewropanyň şäherlerinde sergilener. Germaniýadaky sergi, bu medeniýet ulgamynda türkmen-german gatnaşyklarynyň peýdaly hyzmatdaşlygynyň netijesi boldy, biziň ýurdumyza gelip görmedik ýewropalylar üçin bu gadymy şalygyň açylmagy möhüm waka boldy, bu gün bolsa ekerançylyk medeniýetiniň bolandygynyň şaýady boldular.
Sergä gelýän adamlar Garagumda ýitip giden hakykatdanda täsin gadymy türkmen şalygynyň asyl nusgalaryny görüp bilerler. Türkmenistan gadymy Margianadan tapylan Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hem-de Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň 219 gymmatlygyny iberdi.
«Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda gurnalýan sergi hasda täsirli, sebäbi, köpsanly daşary ýurtly myhmanlar Gadymy Gündogaryň aýry-aýry şalyklarynyň arasynda halkara gatnaşyklar döräp başlanda, daşary ýurtlylary taryhyň uzak döwrüniň bolandygyny tassyklaýan tapyndylar bilen tanyşdyrmaklyga mümkinçilik berýär. B.e.öň III-II müňýyllyklarynda Murgap derýasynyň gadymy akabasyndaky Marguş ýurdunda şähergurluşyk, senetçilik we sosial gatnaşyklaryň ýokary derejede bolandygy barad arheologlar tarapyndan tapylan ýüzlerçe eksponatlar şaýatlyk edýär. Zoroastrizm dinine uýýan adamlaryň gadymy ýazgylarynda bu ýurt «Mouru», Dariý patyşasynyň Behistun ýazgylarynda bolsa «Marguş» diýip bellenýär. Köp alymlaryň aýtmagyna görä Gadymy Margianany Müsür, Mesopotamiýa, Hytaý we gadymy Hindistan (Harappa) ýaly gadymy döwür siwilizasiýalaryna goşmak bolar. Marguş ýurdunyň amatly tutýan orny Ind jülgesi we Mesopotamiýa siwilizasiýasy bilen gatnaşykda bolmaklygyna ýardam etdi. Sergide gadymy margianalylaryň durmuşy, olaryň dini dünýägaýyşlary, däpleri we daş keşbi barada gürrüň berýän täsin eksponatlar görkezilen. Bu ýerde altyngan we kümüşden guýma usulynda ökdelik bilen ýerine ýetirilip, lazurit, pöwrize we hakyk ýaly gymmat baha daşlar bilen haşamlanan täsin bezeg şaýlary sergilenen. Çal toýundan, nepis, ýuka diwarly, ýokary hilli bişirilen keramika gaplar öndürilipdir.
Bu gymmatlyklaryň ählisi Margiananyň ýokary derejede ösendiginiň şaýady bolup, ony Gadymy Gündogaryň iri merkezine goşýarlar.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň täsin eksponatlary indi ikinji gezek daşary ýurtda sergilenýärler. Şeýle göçme sergi 2016-njy ýylda Nýu-Ýork şäheriniň Metropoliten muzeýinde boldy. Şu gün, milli Liderimiziň ýadawsyz tagallasy netijesinde, ýurdumyz durnukly, parahatçylykly we çalt depginler bilen ösýän ýurt hökmünde özüni tanatdy, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni gazanylanlaryny bütin dünýä äşgär etdi.
Şu sergi arheologlaryň, taryhçylaryň, ylym we medeniýet işgärleriniň bilelikdäki köpýyllyk öndürijilikli işleriniň netijesidir.