Primary tabs
2018-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri uly dabaralara beslenip açyldy. Munuň özi «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda dowam edýän baý medeni çäreleriň diňe ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäklerinden daşarda hem giň gerim alýandygyny ýene bir gezek aýdyň görkezýär. Dostlugyň we ylham-joşgunyň bu özboluşly baýramyna gatnaşmak üçin ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlaryndan, muzeý işgärlerinden, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat uly wekiliýet Moskwa şäherine bardylar.
Moskwanyň Bütinrussiýa amaly-haşam we halk sungatynyň muzeýinde «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleriniň hem-de fotosuratlarynyň sergisi guraldy.
Gahryman Arkadagymyzyň parasady bilen gadymy şöhratyny gaýtadan dikeldýän Beýik Ýüpek ýoly bilen baglanyşykly milli gymmatlyklar serginiň esasy temasy boldy. Olaryň arasynda hormatly Prezidentimiziň çuňňur pähim-paýhas siňdiren kitaplaryna, haly we haly önümlerine, zergärçilige, amaly-haşam hem-de keramika sungatynyň eserlerine uly orun berilýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda medeniýetimiz, sungatymyz mizemez dostluk köprüsine öwrülýär. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri doganlyk Täjigistanda uly dabaralara beslenip geçirilen bolsa, bu gün şeýle uly göwrümli medeni çäre Russiýa Federasiýasynda badalga aldy. Serginiň açylmagyndan öň hem ol barada habarly bolan moskwalylaryň, bu ýerde okaýan türkmen talyplarynyň sergi bilen gyzyklanyp durmaklary türkmen medeniýetiniň at-owazasynyň dünýä ýaň salýandygynyň alamatydyr.
Türkmen sungatynda millilik, tebigatyň gözelligi, inçe duýgular eriş-argaç bolup geçýär. Türkmeniň nepis halylarynyň, şaý-sepleriniň birnäçesi Russiýanyň muzeýlerinde hem saklanylýar. Bu gözellikler diňe bir ýaşuly nesilde däl, eýsem, ýaşlarda hem uly täsir galdyrýar. Beýik Ýüpek ýoly – uly bir taryhy hadysa. Bu günki sergi hem uly bir hadysa hasaplanylýar, çünki onda Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistanyň milli aýratynlyklary serginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär.