Primary tabs
Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde 2018-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda «Ýüpek ýoly: gadymyýetden şu güne çenli» diýen at bilen ylmy maslahat geçirildi, maslahat Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guraldy.
2018-nji ýylyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygary çuňňur many-mazmuna eýedir, sebäbi ol gadymy döwürlerden bäri ykdysady, diplomatik we dini gatnaşyklaryň möhüm çatrygy bolup durýar. Şonuň bilen baglylykda 2018-nji ýylda halkara ylmy maslahatlaryň, sergileriň köp sanlysy geçirilýär. «Ýüpek ýoly: gadymyýetden şu güne çenli» diýen maslahat şeýle netijeli duşuşyklaryň biri boldy, oňa alym arheologlar, arheologik ekspedisiýalaryň ýolbaşçylary we barlag geçirijiler gatnaşdylar.
Maslahaty Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow dabaraly ýagdaýda açdy. Soňra Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili, geňeşçi S.Ý.Nasinowskä, Eneolit döwrüniň ýadygärligi Ýylgynly depedäki arheologik işleriň ýolbaşçysy, taryh ylymlarynyň kandidaty (Sankt-Peterburg şäheri) Salowýewa Natalýa Fedorowna «Türkmenistanda irki eneolit döwrüniň hünärmentçiligi», Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň doktory (Sankt-Peterburg şäheri) Kirço Lýubow Borisowna «Orta Aziýada b.e.öňki IV müňýyllygyň soňky üçünji böleginde – II müňýyllygyň başynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlarynyň kemala gelmegi», RYA-nyň Arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri, Nusaýdaky arheologik işleriň ýolbaşçysy, taryh ylymlarynyň doktory (Moskwa şäheri) Pilipko Wiktor Nikolaýewiç «Türkmenistan we Beýik Ýüpek ýoly. Arheologyň bellikleri», RYA-nyň Golýazmalar institutynyň Orta Gündogar bölümçesiniň müdiri, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor (Sankt-Peterburg şäheri) Çunakowa Olga Mihaýlowna «Beýik Ýüpek ýolunda özara medeni gatnaşyklar», RYA-nyň Gündogary öwreniş institutynyň ykdysady gözlegler bölüminiň yly ylmy işgäri, ykdysady ylymlaryň kandidaty Aristowa Lýudmila Borisowna, «Nauka» neşirýatynyň direktorynyň orunbasary Wawilow Oleg Kimowiç, RYA-nyň Gündogary öwreniş institutynyň Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlaryny öwreniş Merkeziniň yly ylmy işgäri, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Serenko Irina Nikolaýewna, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň bölüm müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty Gurbanow Handurdy, TYA-nyň Taryh institutynyň bölüm müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty Nuryýew Ata, barlag geçiriji Kuznesow I.W. «Çendir jülgesindäki (Günbatar Köpetdag) mazar daşlarynda ýylanyň keşbi», barlag geçiriji, ekolog Kuznesow W.I. «Çendir jülgesindäki megalitik mazar daşlaryny taýýarlamagyň meseleleri» atly temalardan çykyş etdiler.
Maslahata gatnaşyjylar tanymal alymlaryň täze ylmy açyşlary baradaky gyzykly çykyşlaryny diňlediler.