Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Hatyra güni mynasybetli «Mukaddes hakyda» atly sergi guraldy

 

2018-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Hatyra güni mynasybetli guralan «Mukaddes hakyda» atly serginiň açylyşy boldy. Serginiň açylyşyna ýurdumyzyň tanymal alymlary, medeniýet işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.

Türkmenistanda 6-njy oktýabrda 1948-nji ýyldaky Aşgabat ýertitremesiniň pidalarynyň Hatyra güni bellenip geçilýär. Şondan bäri 70 ýyl geçdi, Aşgabat şäheri halkymyzyň gaýduwsyzlygy, edermenligi, ruhubelentligi, tutanýerli we irginsiz zähmeti netijesinde harabalykdan dikeldildi.

Hatyra gününe bagyşlanan sergi dört bölümden ybarat bolup, Gahryman Arkadagymyzyň portreti we dürdäne setirleri, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýewiň hala çitilen portreti bilen başlanýar. Birinji bölümde Aşgabat şäheriniň ýertitremesinden öňki görnüşleri görkezilýär.

«Ýertitreme» diýlip atlandyrylan ikinji bölümde ýer yranmasy netijesinde ýykylan jaýlaryň, dürli desgalaryň dokumental fotosuratlary, nakgaş eserleri ýerleşdirildi. Sergi arheologiýa gaznasyndaky gymmatlyklar bilen baýlaşdyrylyp, monitorda ýertitremesi döwründe düşürilen wideoýazgylar görkezildi, tekjelerde dürli maglumatlary özünde jemleýän taryhy kitaplar hem ýerleşdirildi.

«Aşgabatlylara kömek» atly üçünji bölümde tebigy heläkçilikden ejir çeken adamlaryň halas edilişini beýan edýän fotosuratlara orun berildi.

«Ak şäherim Aşgabat» atly dördünji bölümde Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzda gurlup ulanmaga berlen dürli binalar we desgalar görkezildi. Sergi milli Liderimiziň ýurdumyzy bedew bady bilen ösüşlere alyp barýan ägirt uly işlerini beýan edýän fotosuratlar we sungat eserleri bilen jemlenýär.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Hatyra gününe bagyşlanyp guralan «Mukaddes hakyda» atly sergini muzeýiň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow açdy. Soňra Türkmen döwlet maliýe institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň professory, taryh ylymlarynyň kandidaty Meret Öwülýagulyýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professory, geografiýa ylymlarynyň kandidaty Amanguly Magtymow, TYA-nyň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň bölüm müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty Agamyrat Baltaýew, Aşgabat şäher häkimliginiň Ýaşulular guramasynyň agzasy, zähmet weterany Kadyr Jepbarow, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň bölüm müdiri Täzegül Hapyzowa, «Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» žurnalynyň bölüm redaktory, Ýaşlar baýragynyň eýesi Atamyrat Şagulyýew, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň terjimeçisi, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Myrat Goşlyýew, «Garagum» žurnalynyň bölüm redaktory Nurtäç Annamuhammedowa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty Anatoliý Buşmakin, Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynyň I derejeli kitaphanaçysy, Türkmenistanyň Medeniýetde at gazanan işgäri Oguljemal Orazdurdyýewa, Türkmen döwlet Binagärlik we gurluşyk institutynyň uly mugallymy, zähmet weterany, «Gaýrat» medalynyň eýesi Züleýha Orazowa, Aşgabat şäher häkimliginiň Ýaşulular guramasynyň agzasy, Aşgabat şäheriniň 51-nji orta mekdebiniň mugallymy Ogulnabat Owlakowa çykyş etdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň ylmy işgärleri, Döwlet kitaphanasynyň, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň işgärleri, Türkmen döwlet Binagärlik we gurluşyk institutynyň talyplary myhman hökmünde gatnaşdylar.