Primary tabs
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Hatyra güni mynasybetli gurnalan «Mukaddes hakyda» atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini 2018-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda sagat 15:00-da çagyrýar.
Türkmenistanda 6-njy oktýabrda hasratly sene – 1948-nji ýyldaky weýrançylykly Aşgabat ýer titremesiniň pidalarynyň Hatyra güni bellenip geçilýär. Şondan bäri 70 ýyl geçdi, ýöne şol pajygaly waka hakyndaky ýatlama henize-bu güne çenli her bir türkmenistanlynyň ýüreginde yza bolup galdy.
1948-nji ýylyň oktýabr aýynyň 5-inden 6-syna geçilen gije bolan eýmenç ýer titremesi paýtagtlylaryň we onuň töweregindäki obalaryň ilatynyň on müňlerçesiniň ömür tanapyny kesdi. Paýtagtymyz hem-de onuň daş-töwereginde ýerleşen obalaryň köpüsi, ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, zawodlar, fabrikler, hassahanalar, institutlar, muzeýler we taryhy-medeni ýadygärlikler göz açyp-ýumasy salymyň içinde haraba öwrüldi. Ýyllar geçdi, Aşgabat şäheri halkymyzyň gaýduwsyzlygy, edermenligi, ruhubelentligi, tutanýerli we irginsiz zähmeti netijesinde harabalykdan dikeldildi. Häzirki günde – Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty lowurdap duran ak mermerli şähere – Gündogaryň ajaýyp göwher gaşyna we sebitimizde ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bimöçber tagallalary bilen amala aşyrylýan ägirt uly maksatnamalar, gurulýan binalar, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, täze mekdepler, çagalar baglary, dynç alyş, sport we medeni merkezler paýtagtymyzyň keşbini günsaýyn özgerdýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen däp-dessurlarymyz, milli ýörelgelerimiz birkemsiz berjaý edilýär.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Hatyra gününe bagyşlanan «Mukaddes hakyda» atly sergi guraldy. Sergi dört bölümden ybarat bolup, ol Gahryman Arkadagymyzyň portreti we dürdäne setirleri, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýewiň hala çitilen portreti bilen başlanýar.
Serginiň birinji bölümi Aşgabat şäheriniň ýertitremesinden öňki görnüşleri, köçeleri, bazary, Türkmenistan Döwlet neşirýat jaýy, Aşgabat şäheriniň Şekillendiriş sungaty muzeýi, demir ýol menzili fotosuratlarda görkezilýär.
«Ýertitreme» diýlip atlandyrylan ikinji bölüminde ýer yranmasy netijesinde ýykylan jaýlary, ýagny Aşgabat şäheriniň Magtymguly adyndaky Opera we balet teatrynyň, Gorkiý adyndaky mugallymçylyk institutynyň, demir ýol menziliniň, Ülkäni öwreniş muzeýiniň binalarynyň dokumental fotosuratlary ýerleşdirildi. Serginiň dowamynda Ö.Mämmetnurowyň «Änew metjidi» atly nakgaş eserinde Aşgabatdan 10 km. gündogarda ýerleşýän Änewdäki Seýitjemalletdin metjidiniň ýertitremesinden öňki görnüşini, «Gadymy miras», «Motiw», «Öwüşgünler» atly eserlerinde bolsa ýer titremeden soňky çekilen pursatlary sergilenýär. Serginiň şu ýeri arheologiýa gaznasyndaky gymmatlyklar bilen baýlaşdyrylýar. Monitorda ýertitremesi döwründe düşürilen wideo ýazgylar görkezilýär. Şeýle-de tekjelerde dürli maglumatlary özünde jemleýän taryhy kitaplar hem ýerleşdirilendir.
«Aşgabatlylara kömek» atly üçünji bölümde tebigy heläkçilikden ejir çeken adamlaryň ömrüni halas etmekde esgerleriň, gurluşykçylaryň bitiren hyzmatlary we saglygy goraýyş işgärleriniň görkezen gaýduwsyzlyklaryny beýan edýän fotosuratlara esasy orun berilýär.
«Ak şäherim Aşgabat» atly dördünji bölüm Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda edara binalary, ýaşaýyş jaýlary, orta we ýokary okuw mekdepleri, senagat kärhanalary, myhmanhanalary, sport desgalary, söwda we biznes merkezleri, ulag ýollary, köpugurly köprüler kuwwatly ösüşlere badalga berýän desgalar gurlup ulanmaga berildi. Sergi milli Liderimiziň ýurdumyzy bedew bady bilen ösüşlere alyp barýan ägirt uly işlerini görkezýän fotosuratlar we sungat eserleri bilen jemlenýär.