Primary tabs
«Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýyly diýlip atlandyrylan 2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi: ak bugdaýyň we ak altynyň mekany» atly ylmy-amaly maslahatyň açylyşy boldy. Ylmy-amaly maslahata Türkmenistanyň pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynyň ylmy işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de beýlekiler gatnaşdylar.
Türkmenistan örän gadymy döwürlerden bäri adamzat medeniýetiniň, şonuň ýaly-da ekerançylyk medeniýetiniň gülläp ösen ojaklarynyň biri bolupdyr. Merkezi Aziýada oturymly ekerançylygyň we maldarçylygyň ilkinji alamatlarynyň Aşgabadyň demirgazyk günbatarynda Jeýtun obasynyň golaýynda ýüze çykarylmagy möhüm taryhy waka bolup durýar. 1904-nji ýylda amerikan alymy R. Pampelliniň ýolbaşçylygynda Änew depelerinde gazuw-agtaryş işleriniň geçirilmegi netijesinde ak bugdaýyň däneleriniň tapylmagy ekerançylyk medeniýetiniň ösendigine şaýatlyk edýär. Şoňa görä-de türkmen topragy ak bugdaýyň mekany hasaplanýar.
Arap geograflarynyň berýän maglumatlaryna görä, Merkezi Aziýada, şol sanda Merwde b.e. öňki V asyrda gowaça ösdürilip ýetişdirilipdir. Olardan dürli görnüşli matalar öndürilipdir, ulanylypdyr we söwda maksatlary bilen daşary ýurtlara äkidilipdir.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi: ak bugdaýyň we ak altynyň mekany» ady bilen ylmy-amaly maslahat geçirildi, maslahaty Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow gutlag sözi bilen açdy. Soňra Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň Oba hojalyk ylmy-barlag institutynyň bölüm müdirleri Amangeldi Annaýew, Kerimnazar Mämmetgulow, esasy ylmy işgäri Güljemal Taýlakowa, «Täze oba» žurnalynyň jogapkär kätibi Kakyş Nazarow, «Bereketli toprak» gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary Aýnabat Ataýewa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň maldarçylyk kafedrasynyň uly mugallymy Saparmyrat Annamuhammedow, Milli «Ak bugdaý» muzeýiniň uly ylmy işgäri Tawus Garajaýewa gyzykly we täsirli çykyş etdiler.
Sergide Beýik Ýüpek ýoly bilen baglanyşykly taryhy ýadygärlikler, arheologik gymmatlyklar, ekerançylyk bilen baglanyşykly gadymy zähmet gurallary, öý esbaplary, geçen asyryň 30–50-nji ýyllaryna degişli arhiw fotosuratlary sergilenýär. Serginiň dowamynda gowaçanyň we gallanyň häzirki zaman görnüşleri, pagtadan öndürilýän önümler, haly-pannolar we oba hojalygyndaky ösüşler barada fotosuratlar görkezilýär.