Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi: Ak bugdaýyň we Ak altynyň mekany

 

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýyly mynasybetli «TürkmenistanBeýik Ýüpek ýolunyň ýüregi: Ak bugdaýyň we Ak altynyň mekany» atly ylmy-amaly maslahata we oňa bagyşlanyp gurnalan serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmak isleýänleriň 2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda sagat 15:00-da myhmançylyga çagyrýar.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow:

Biziň oba hojalygyndaky esasy maksadymyz, ilkinji nobatda, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da berkitmekden hem-de ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmakdan ybaratdyr.

Dünýä ýollarynyň çatrygynda örän amatly ýerde ýerleşen Türkmenistan geçmişiň uly taryhy wakalarynyň jümmüşinde bolupdyr. Bu toprak örän gadymy döwürlerden bäri adamzat medeniýetiniň, şonuň ýaly-da ekerançylyk medeniýetiniň gülläp ösen ojaklarynyň biridir.

Merkezi Aziýada oturymly ekerançylygyň we maldarçylygyň ilkinji alamatlarynyň Aşgabadyň demirgazyk günbatarynda Jeýtun obasynyň golaýynda ýüze çykarylmagy möhüm taryhy waka bolup durýar. 1904-nji ýylda amerikan alymy R.Pampelliniň ýolbaşçylygynda Änew depelerinde gazuw-barlag işleriniň geçirilmegi netijesinde ak bugdaýyň däneleriniň tapylmagy ekerançylyk medeniýetiniň ösendigine şaýatlyk edýär. Şol sebäpli türkmen topragy ak bugdaýyň mekany hasaplanýar.

Ekerançylyk türkmenleriň gadymdan gelýän esasy hojalyk pudagy bolmak bilen, olaryň durmuşynda uly orny eýeläpdir. Asyrlar boýy dowam eden halk seleksiýasy netijesinde üýtgeşik hilli medeni ekinleriň durnukly sortlarynyň onlarçasyny ýetişdiripdirler. Tejeniň suwsuzlyga çydamly bugdaýy, Sakaryň «gulaby» gawuny, ýerli gowaçanyň, jöweniň, üzümiň, miweli agaçlaryň sortlary türkmenleriň öz seleksiýasy (seçip saýlamasy) netijesinde ýetişdirilen ekinlerdir.

Arap geograflarynyň berýän maglumatlaryna görä, Merkezi Aziýada şol sanda Merwde b.e. öňki V asyrda gowaça ösdürilip ýetişdirilipdir. Ondan dürli matalar öndürilip ulanylypdyr we söwda maksatlary bilen başga ýurtlara äkidilipdir.

«Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýyly diýlip atlandyrylan ýylyň her bir aýy ajaýyp wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan 2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda «TürkmenistanBeýik Ýüpek ýolunyň ýüregi: Ak bugdaýyň we Ak altynyň mekany» ady bilen ylmy-amaly maslahat geçirilýär we onuň çäginde şol at bilen sergi gurnalýar. Sergide Beýik Ýüpek ýoly bilen baglanyşykly taryhy ýadygärlikler, şol ýadygärliklerden tapylan arheologiki gymmatlyklar, ekerançylyk bilen baglanyşykly gadymy zähmet gurallary, öý esbaplary, geçen asyryň 30 – 50-nji ýyllaryna degişli arhiw fotosuratlary sergilenýär. Serginiň dowamynda gowaçanyň we gallanyň häzirki zaman görnüşleri, pagtadan dokalýan önümler, haly-pannolar we oba hojalygyndaky ösüşler barada fotosuratlar görkezilýär.