Primary tabs
2018-nji ýylyň 31-nji awgustynda sagat 15:00-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli gurnalan «Bilimli nesil – kuwwatly Watan» atly serginiň dabaraly açylyşy boldy. Dabara Watanymyzyň tanymal adamlary, döredijilik işgärleri, ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiziň yglan eden «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylymyz taryhy wakalara beslenip, dürli döwlet derejeli çäreler yzygiderli dowam edýär.
Türkmenistan bagtyýar çagalygyň hem geljege ynamly garaýan ýaşlaryň ýurdudyr. 1-nji sentýabr – Bilimler we talyp ýaşlar güni Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp senesidir. Bilim – paýhasly pederlerimiziň geljek nesillere galdyran iň gymmatly mirasydyr. Berkarar döwletimizde türkmen ýaşlarynyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede bilim almaklary üçin ähli şertler döredilýär.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli muzeý gaznasynda saklanylýan milli gymmatlyklarymyzdan «Bilimli nesil – kuwwatly Watan» atly sergi gurnaldy.
Sergide milli gymmatlyklarymyz bilen bir hatarda zergärlerimiziň ajaýyp sungat eserleri, hormatly Prezidentimiziň bilim baradaky aýdan pähimli sözleriniň ýazgylary, täze okuw kitaplary, tebigat ylymlary bilen baglanyşykly muzeý gymmatlyklary, barlaghana enjamlary, şeýle hem ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan, taryhy işleri beýan edýän ýazgylar we XX asyra degişli fotosuratlar görkezilýär.
Dabarany Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Tebigat bölüminiň müdiri Enejan Altyýewa gutlag sözi bilen açdy we alyp bardy.
Dabara «Ahal durmuşy» gazetiniň bölüm redaktory Dürnabat Aşyrowa, «Türkmenistan» gazetiniň bölüm redaktory Ysmaýyl Tagan, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň mugallymy Ogulsabyr Berdiýewa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Zoologiýa kafedrasynyň mugallymy Suraý Gurbanowa, «Mugallymlar gazetiniň” habarçysy Rüstem Hojageldiýew, «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň bölüm redaktory Ýelena Dolgowa gatnaşdylar. Örän gyzykly hem täsirli çykyşlar edilip, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi bilen bilelikde geçiren bäsleşiginiň jemleri jemlenip, bäsleşikde ýeňiji bolan mugallymlara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Şondan soň dabara gatnaşyjylar Döwlet muzeýinde gurnalan «Bilimli nesil – kuwwatly Watan» atly sergä aýlanyp gördüler, muzeýiň işgärleriniň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňlediler.