Kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň we Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gaznasyndan jemi 219 sany Margiana döwletine degişli muzeý gymmatlyklary Germaniýa Federatiw Respublikasyna iberildi. Bu täsin we hiç gaýtalanmajak ajaýyp tapyndylar ilkinji gezek daşary ýurda sergä çykaryldy. Sergi Germaniýanyň Berlin soňra Mangeým we Gamburg şäherlerinde 2018 – 2019-njy ýyllar aralygynda dowam eder.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherindäki Täze muzeýinde gurnalan «Margiana – Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyryň şalygy» atly sergi nemes halkynyň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Sergi barada ýerli habarçylar metbugatda çykyş etdiler.

Margiana döwleti hakynda Germaniýa Federatiw Respublikasy tarapyndan «Margiana» atly kitap çap edilip, ol Gahryman Arkadagymyza uly hormat bilen sowgat hökmünde gowşuryldy.

Hormatly Prezidentimize Germaniýa Federatiw Respublikasy tarapyndan «Margiana» atly kitabyň sowgat berlenligi mynasybetli, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy bolup geçdi.

Dabarany Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow gutlag sözi bilen açdy we alyp bardy.

Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahargül Abdyýewa, Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradow, Türkmenistanyň Gahrymany, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Amangözel Şagulyýewa, «Galkynyş» gazetiniň baş redaktory Merdan Gazakbaýew, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Saparmämmet Meredow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň bölüm müdiri Agamyrat Baltaýew, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hünärmeni Aýjan Şaýymowa, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň baş redaktory Batyr Ataýew, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kafedra müdiri Serdar Maşrykow, Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň halk artisti Enejan Orazmyradowa gatnaşdylar. Örän gyzykly hem täsirli çykyşlar edilip, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Dabara gatnaşyjylar Döwlet muzeýiniň «Marguş» sergi bölümine aýlanyp, muzeýiň işgärleriniň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňlediler.

Şol dabara barada muzeýiň «Marguş» sergi bölüminde tegelek stoluň başynda telegepleşik hem taýýarlanyldy.