Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Muzeý gymmatlyklarynyň terbiýeçilik ähmiýeti» atly sergi gurnaldy.

2018-nji ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde gurnalan «Muzeý gymmatlyklarynyň terbiýeçilik ähmiýeti» atly serginiň dabaraly açylyşy boldy. Sergide TYA-nyň hünärmenleri, tanymal alymlary, döredijilik adamlary, Baş bilim müdirliginiň işgärleri we Aşgabat şäheriniň orta mekdepleriniň mugallymlary hem gatnaşdylar.

2018-nji ýylyň hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylmagy ýurduň geçmişini şu günki gününi we geljegini baglanyşdyrýan, dünýäniň halklary bilen alnyp barylýan medeni gatnaşyklary täze taryhy derejä gönükdirýän, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny tutuş dünýäde toplumlaýyn öwrenmeklige we giňden wagyz etmeklige itergi berýär.

Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyna şaýatlyk edýän gadymy arheologiýa

tapyndylary özünde jemleýän muzeýler üçin bu ýyl aýratyn ähmiýete eýedir. Muzeý islendik adama gutarnykly maglumat berýän ýokary mekdepdir. Muzeýleriň maksady adamlary medeniýetlilige ugrukdyrmakdan, şeýle hem muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen Watana, halka söýgi döretmekden ybaratdyr. Muzeýleriň adamlara öz halky, öz ýurdy, onuň tebigaty, taryhy, ýaşaýyş-medeniýeti barada bilim we düşünje bermek bilen jemgyýeti terbiýelemekde, olaryň bilimini, düşünjesini artdyrmakda, medeni dynç almaklarynda ýardamy uludyr. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznahanalarynda Türkmenistanyň gadymy ýadygärliklerinden tapylan täsin tapyndylar saklanýar. Şol tapyndylary görkezmek hem-de halky tanyşdyrmak maksady bilen «Muzeý gymmatlyklarynyň terbiýeçilik ähmiýeti» atly sergi gurnaldy. Dabarany Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kаndidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow gutlag sözi bilen açdy. Soňra TYA-nyň, taryh institutynyň esasy ylmy işgäri, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Mäti Annanurow, TYA-nyň milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Ejegyz Çaryýewa, Döredijilik işgäri, şahyr, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Annaberdi Goçamanow, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Sähragül Janmämmedowa, «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm müdiri Süleýman Ilamanow, «Garagum» žurnalynyň bölüm redaktory Nurtäç Annamuhammedowa, «Nesil» gazetiniň uly habarçysy Akgül Saparowa çykyş etdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň ylmy işgärleri, Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginiň işgärleri we orta mekdepleriň mugallymlary myhman hökmünde gatnaşdylar.

Soňra «Muzeý gymmatlyklarynyň terbiýeçilik ähmiýeti» atly temadan söhbetdeşlik gurnaldy. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Etnografiýa bölüminiň müdiri E.Amanberdiýewa, Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýi bölüminiň müdiri Ö.Rahmanow, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty S. Janmämmedowa, «Garagum» žurnalynyň bölüm redaktory N. Annamuhammedowa gatnaşdylar.