«Orta asyrlarda lukmançylyk ylmynyň ösüşi we oňa degişli taryhy tapyndylar» atly ylmy-amaly maslahatyň we «Sagdyn bedende – sagdyn ruh»atly serginiň dabaraly açylyşy boldy.

2018-nji ýylyň 17-nji iýulynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Orta asyrlarda lukmançylyk ylmynyň ösüşi we oňa degişli taryhy tapyndylar» atly ylmy-amaly maslahatyň we «Sagdyn bedende – sagdyn ruh»atly serginiň dabaraly açylyşy boldy.

Dabarany Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Ö. Mämmetnurow açdy. Çäräniň dowamynda Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň bölüm müdiri Öwezdurdy Hümmedow, «Nesil” gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary Leýli Gurbanowa, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň 2-njy ýyl talyby, Kuraş boýunça Şaserpaýynyň eýesi Ereşowa Saýara, «Türkmenistan sport» teleýaýlymynyň režissýorlar bölüminiň topar ýolbaşçysy Narly Nuryýew, Aşgabat şäheriniň 1-nji Saglyk öýüniň maşgala lukmany, Aşgabat şäher Halk maslahatynyň agzasy Maýagözel Astanowa, «Adalat» gazetiniň bölüm redaktory Gülälek Meretmyradowa, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň 1-njy ýyl talyby, «Ýaşlar» baýragynyň eýesi Jemal Gaipowa, Türkmenistanyň Döwlet Magtymguly adyndaky uniwersitetiniň talyby, V – Aziýa oýunlarynyň Jiu-jitsu boýunça I-derejeli sport ussady Mekan Nurjykow çykyş etdiler.

Ýurdumyzda her bir raýatyň saglygyny goramaga berkitmäge bolan konstitusion hukugyny üpjün etmek maksady bilen, maddy-enjamlaýyn binýadyň pugtalandyrylmagyny, sagdyn ilatyň emele gelmegine oňyn täsir edýän şertleriň döredilmegini, keselleriň öňüni almagyň ýokary derejede ösdürilmegini, amaly lukmançylyga täze ylmy açyşlaryň, innowasion usullaryň ornaşdyrylmagyny, ilata ýokary tehnologiýaly lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliliginiň üpjün edilmegini özünde jemleýän diýarymyzyň saglygy goraýyş ulgamyny özgertmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça uly möçberli işler geçirilýär.

Gadymy ösen medeniýetiň syrly sahypalaryny goýnunda saklaýan möhüm nokatlaryň birinden – Daňdanakan galasyndan tebipleriň ulanandygy çak edilýän, aýnadan we metaldan ýasalan täsin gurallaryň tapylmagy, Orta asyrlaryň taryhy- -medeni ýadygärligi bolan bu galada lukmançylyk ylmynyň ösendigine, hatda hassahananyň hem bolandygyna şaýatlyk edýär. Galada ylmyň dürli ugurlarynyň, şol sanda lukmançylygyň hem ösendigini täsin tapyndylar aýdyň görkezýär.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Orta asyrlarda lukmançylyk ylmynyň ösüşi we oňa degişli taryhy tapyndylar» atly ylmy-amaly maslahat we «Sagdyn bedende – sagdyn ruh» atly sergi geçirildi. Sergide hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly sözleriniň alynmagy serginiň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrylýar. Milli Liderimiziň welosiped, kwadrosikl sürüp barýan pursatlary, sport ulagyny dolandyrýan wagty düşürilen suratlary serginiň ähmiýetini has hem artdyrýar. Serginiň dowamynda lukmançylyk ylmy bilen baglanyşykly kitaplar hem görkezilýär. Şeýle-de, adamyň sagdynlygynyň we ruhubelentliginiň ähmiýetini açyp görkezýän köpsanly surat eserleri synlaýan adamlarda gözellik duýgusyny oýarýar.