Sagdyn bedende – sagdyn ruh

 

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Orta asyrlarda lukmançylyk ylmynyň ösüşi we oňa degişli taryhy tapyndylar» atly ylmy-amaly maslahatyň we «Sagdyn bedende – sagdyn ruh» atly serginiň açylyşyna gatnaşmak isleýänleriň hemmesini 2018-nji ýylyň 17-nji iýulynda sagat 10:00-da myhmançylyga çagyrýar.

         Ýurdumyzda alnyp barylýan asyrlara barabar işleriň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler aýratyn bellenmäge mynasyp. Garaşsyzlyk ýyllarynda saglygy goraýyş ulgamynda geçirilen işler hormatly Prezidentimiziň hut özüniň başda durmagynda işlenip düzülen, 1995-nji ýylyň 21-nji iýulynda kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda alnyp baryldy. Sagdynlyk – gözelligiň, ruhubelentligiň, bagtyýarlygyň çeşmesi. Biziň uzak geljegi nazarlaýan ösüşlerimiziň we maksatnamalarymyzyň hasyl bolmagy raýatlarymyzyň sagdynlygyna, sagdyn jemgyýete baglydyr.

         Türkmenistanyň döwlet syýasatynda adam saglygyny goramak meselesi bir ulgamyň çäklerinden çykyp, döwletimiziň ýöredýän durmuş-üpjünçilik, kämil kanunçylyk, lukmançylyk hyzmatlar ulgamyny, ekologiýany, bedenterbiýäni hem sporty, halal we sagdyn durmuş ýörelgesini, milli däp-dessurlary öz içine alýar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda döwrebap sport toplumlary, sport meýdançalary, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri, hassahanalar, saglyk öýleri, şypahanalar ulgamy döredilip, olarda ýurdumyzyň raýatlaryna hödürlenýän şypahana hyzmatlarynyň hili dünýä derejesine ýetirildi.

Lukmançylyk ylmy hakynda gürrüň edilende, ilki bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň bize görelde bolup durýandygyny aýtmak diýseň ýakymly. Gahryman Arkadagymyzyň lukmançylyk ylmynyň dürli ugurlary boýunça ýazan «Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary», «Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy», «Türkmenistan – melhemler mekany», «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Bagtyýarlyk sagdynlykdan başlanýar» atly kitaplary ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleriniň we lukman-talyplaryň ýan kitaplaryna öwrüldi.

Gadymy ösen medeniýetiň syrly sahypalaryny goýnunda saklaýan möhüm nokatlaryň birinden – Daňdanakan galasyndan tebipleriň ulanandygy çak edilýän, aýnadan we metaldan ýasalan täsin gurallaryň tapylmagy, Orta asyrlaryň taryhy-medeni ýadygärligi bolan bu galada lukmançylyk ylmynyň ösendigine, hatda hassahananyň hem bolandygyna şaýatlyk edýär. Galada ylmyň dürli ugurlarynyň, şol sanda lukmançylygyň hem ösendigini täsin tapyndylar aýdyň görkezýär.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Orta asyrlarda lukmançylyk ylmynyň ösüşi we oňa degişli taryhy tapyndylar» atly ylmy-amaly maslahat we «Sagdyn bedende – sagdyn ruh» atly sergi geçirilýär. Sergide hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly sözleriniň alynmagy serginiň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrylýar. Milli Liderimiziň welosiped, kwadrosikl sürüp barýan pursatlary, sport ulagyny dolandyrýan wagty düşürilen suratlary serginiň ähmiýetini has hem artdyrýar. Serginiň dowamynda lukmançylyk ylmy bilen baglanyşykly kitaplar hem görkezilýär. Şeýle-de, adamyň sagdynlygynyň we ruhubelentliginiň ähmiýetini açyp görkezýän köpsanly surat eserleri synlaýan adamlarda gözellik duýgusyny oýarýar.