Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Magtymguly we milli medeniýetimiz – Berkarar döwletimiziň ruhy kuwwaty» atly sergi gurnaldy.

Medeniýet türkmen halkynyň müňýyllyklara barabar taryhynyň bütin dowamynda döwletleri we halklary ýakynlaşdyrýan uly güýç hasaplanylypdyr we oňa çäksiz sarpa goýlupdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda 2009-njy ýyldan bäri ýurdymyzda her ýylyň 27-nji iýunynda bellenilip geçilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň güni bellenilip geçirilýän bolsa, 2017-nji ýylyň oktýabr aýyndaky Türkmenistanyň Ýaşulylarynyň maslahatynyň mejlisinde Hormatly Prezidentimiziň karary esasynda her ýylyň 27-nji iýuny Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni diýip yglan etmegi medeniýet we sungat işgärlerini has-da buýsandyrdy. Goşa baýram, goşa toý Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk zamany akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebiýatynyň, poeziýasynyň, sungatynyň pajarlap ösýän döwrüne öwrüldi. Medeniýet, sungat we şygryýet munyň özi aýrylmaz baglanşyklydyr.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Magtymguly we milli medeniýetimiz – Berkarar döwletimiziň ruhy kuwwaty» atly sergi gurnaldy. Bu sergide muzeýiň gaznasynda saklanylýan gymmatlyklardan medeniýete we sungata degişli gadymy fotosuratlar, milli saz gurallary, şeýle-de Şekillendiriş sungaty gaznasynda saklanýan halypa suratkeşler Y.Gylyjowyň, Ş.Akmuhammedowyň, Ö.Töräýewiň, Ç.Ýazmyradowyň ajaýyp nakgaş eserleri aýratyn orun alýar. Mundan başga-da sergide, K.Oraznepesowyň çeken ilkinji türkmen hudožnigi Bäşim Nuralynyň portret eserini we onuň hut özüniň ýasan birnäçe saz gurallaryny görmek bolýar. Bäşim Nuralynyň zehini köp taraply bolup, otuzynjy ýyllaryň ortalarynda Bäşim Nuraly türkmen dutaryny täzeden konstruktirledi. Onuň bu dutary ýokary sesi, tembri bilen tapawutlanýar. Suratkeş «Baş kanal», «Bürgüt» atlandyrylan dutarlary ýasady. Onuň ýasan «Dostlar» saz guraly bir wagtda dutar, tar hem gyjak bolup hyzmat edýär. Olary bir sazanda çalyp bilýär. Biziň Döwlet muzeýimiziň gaznasynda B.Nuralynyň ýasan saz gurallarynyň birnäçe görnüşleri bolup, bu sergide bolsa 22 sany saz gurallaryny sergiledik.

Bu çäre dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlaryň kandidaty Ö.Mämmetnurow tarapyndan açyldy. Türkmenistanyň halk ýazyjysy A.Atabaýew, Mary welaýatynyň Ülkäni öwreniş we Taryh muzeýiniň direktory T.Nobatow, Balkan welaýatynyň Ülkäni öwreniş we taryh muzeýiniň direktory, şahyr A.Hojaberdiýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň bölüm müdiri T.Täçmämmedowa, «Galkynyş» gazetiniň bölüm redaktory, şahyr O.Oraztaganowa, «Watan» gazetiniň bölüm redaktory O.Atahanow, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy O.Orazdurdyýewa dagylar özleriniň gutlag sözlerini aýtdylar we medeniýet, sungat we akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy barada gyzykly gürrüňler berdiler.