Magtymguly we milli medeniýetimiz – Berkarar döwletimiziň ruhy kuwwaty

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli gurnalan «Magtymguly we milli medeniýetimiz – Berkarar döwletimiziň ruhy kuwwaty» atly serginiň açylyşyna gatnaşmak isleýänleriň hemmesini 2018-nji ýylyň 25-nji iýunynda sagat 15:00-da myhmançylyga çagyrýar.

        

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

«Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri medeniýetiň we sungatyň, milli mirasyň, däp-dessurlaryň galkynýan, ösýän döwrüdir».

Medeniýet türkmen halkynyň müňýyllyklara barabar taryhynyň bütin dowamynda döwletleri we halklary ýakynlaşdyrýan uly güýç hasaplanylypdyr we oňa çäksiz sarpa goýlupdyr. Ata-babalarymyzyň medeni gymmatlyklara uly sarpa goýmak bilen baglanyşykly ajaýyp däp-dessurlary häzirki ajaýyp döwrümizde hem üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde bu däpler täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda 2009-njy ýyldan bäri ýurdumyzda her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň güni bellenilip geçirilýän bolsa, 2017-nji ýylyň oktýabr aýyndaky Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň mejlisinde Hormatly Prezidentimiziň karary esasynda her ýylyň 27-nji iýuny Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni diýip yglan etmegi, medeniýet we sungat işgärlerini has-da buýsandyrdy. Goşa baýram, goşa toý Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk zamany akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebiýatynyň, poeziýasynyň, sungatynyň pajarlap ösýän döwrüne öwrüldi. Medeniýet, sungat we şygryýet munuň özi aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Magtymguly we milli medeniýetimiz – Berkarar döwletimiziň ruhy kuwwaty» atly sergi gurnaldy. Bu sergide muzeýiň gaznasynda saklanylýan gymmatlyklardan medeniýete we sungata degişli gadymy fotosuratlar, milli saz gurallary, şeýle-de Şekillendiriş sungaty gaznasynda saklanýan halypa suratkeşler Y.Gylyjowyň, Ş.Akmuhammedowyň, Ö.Töräýewiň, Ç.Ýazmyradowyň ajaýyp nakgaş eserleri aýratyn orun alýar. Mundan başga-da sergimizde birnäçe gözel tebigatymyzy wasp edýän peýzaž eserlerini hem görmek bolýar. Şeýle-de serginiň dowamynda zergärçilik önümleriniň gadymy nusgalary aýratyn gözellik berýär. Sergide akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hala çitilen portret eserleri hem bar. Mundan başga-da sergide hormatly Prezidentimize sowgat berilen we Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň gaznasynda saklanylýan ajaýyp zergärçilik sungat eserlerini synlamak bolýar. Häzirki zaman zergärçilik sungat eserlerinde döwrümiziň bagtyýar ösüşi, ussat zergärlerimiz tarapyndan çeperçilik bilen beýan edilýär.