Primary tabs
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Ylymlar güni mynasybetli «Ylym – nurana geljege ak ýol» atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini 2018-nji ýylyň 11-nji iýunynda sagat 15:00-da çagyrýar.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanda ylym jemgyýetimiziň düýpli täzelenişiniň esasyny düzmelidir, halkymyzyň bähbitlerine gulluk etmelidir. Bu wezipe ylmyň belent borjy we baş maksady bolmalydyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ylmy milli aýratynlyklary hem-de dünýä ylmynyň ösüş aýratynlyklaryny göz öňünde tutýar. Bu bolsa öz gezeginde, ýaşlara, okuwçylara berilýän bilimleri dünýä ülňüleri bilen baglanyşykly ösdürmegiň, ylmyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmagyň möhüm meselelerdigini görkezýär. Hemme taraplaýyn ösen şahsyýeti kemala getirmekde, edebiýatyň, ylmyň tutýan ornuna aýratyn uly ähmiýet berýär. Milli Liderimiz ýaş nesillerimiziň çuňňur ylymly-bilimli onda-da dünýä derejeli ylmyň hem ylmy dünýägaraýşyň eýesi bolmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Gahryman Arkadagymyz “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ylmy-filosofik kitabynda eziz Diýarymyzyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň döwletara gatnaşyklarynda syýasy, ykdysady, medeni ugurlar bilen bir hatarda ylym boýunça hyzmatdaşlygyň ösmeginde möhüm ornunyň bolandygyny belleýär.
Gadymy hem şöhratly taryhynda Änew, Nusaý, Dehistan, Marguş, Merw, Köneürgenç, Amul, Sarahs, Abiwerd ýaly medeni ojaklary döredip, umumyadamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan türkmen halky ylym-bilime uly sarpa hem gadyr goýan, dünýäde ylymda öçmejek şan-şöhrat gazanan halkdyr. Ýurdumyzda ylma döwlet tarapyndan berilýän goldaw ýylsaýyn artýar.
Ýurdumyzda ylmyň dünýä derejesinde laýyk getirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär, ylym-bilim maksatly gurulýan binalar giň gerimler bilen ýaýbaňlandyrylýar. Bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady düýpli döwrebaplaşdyrylýar. Ylym-bilim syýasatynyň barha rowaçlanýan häzirki döwründe ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary-da ýaşlara bilim bermekde täze usullardan netijeli peýdalanýarlar. Bu işde häzirki zamanyň täze tehnologiýalaryndan talabalaýyk peýdalanylyp, döwrebap okuw enjamlary bilen enjamlaşdyrylan binalarda kämil derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatda giň mümkinçilikler döredilýär.
Türkmenistan döwletimizde giňden bellenip geçilýän ylymlar gününe bagyşlanylyp Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Ylym – nurana geljege ak ýol» atly sergi gurnaldy. Sergide hormatly Prezidentimiziň ylmy kitaplary hem-de ylmyň dürli pudaklaryna degişli beýleki kitaplar sergilendi. Ylym-bilim bilen baglanyşykly zergärçilik eserleri, dürli döwürlerde ylym ulgamynyň ösüşine goşant goşan alymlaryň fotosuratlary ýerleşdirildi, şonuň ýaly-da, arheologiýa, etnografiýa, tebigat ylymlary bilen baglanyşykly muzeý gymmatlyklaryna giň orun berildi.
Sergi bilen tanşan adamlar Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ylym pudagynda gazanylýan üstünlikler barada giňişleýin düşünje alyp bilerler.