Primary tabs
Submitted by museum on 01.06.2018
Çagalary goramagyň halkara güni 1950-nji ýylyň 1-nji iýunyndan bäri her ýyl bellenilip geçilýär Çagalary goramagyň güni Türkmenistanda Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden bäri bellenilýär. Ýurdumyzyň ýaş nesliniň durmuşynyň hilini we bilimini gowulandyrmak üçin Türkmenistan 1994-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Bütin dünýä Jarnamasyna, şeýle-de çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna goşuldy.
Bagtly çagalaryň iň arzyly islegleriniň hasyl bolýan ýurdunda Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleriň bütin halkymyzyň, şol sanda nesilleriň şu güni, hem-de geljegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy ýaşlaryň ruhuny belende göterip, öz ata Watanyna bolan söýgi-buýsanjyny has artdyrýar.
Bütin dünýäde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem 1-nji iýunda Çagalary goramagyň güni mynasybetli köp sanly çäreler geçirilýär. Şonuň ýaly çäreleriň her ýyl geçirilýän ýeri bolan Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde çagalaryň surat bäsleşigi geçirilýär, şonuň ýaly-da «Çagalar – dünýäniň gülleri» atly sergi gurnalýar. Bu sergide çagalaryň çeken suratlary hem-de belli suratkeşleriň çagalar dünýäsine bagyşlanan sungat eserleri görkezilýär.
Bu çäre dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Ö.Mämmetnurow tarapyndan açyldy. Şeýlede çagalar şahyry Annaberdi Goçamanow, Türkmenistanyň halk artisti Züleýha Kakaýewa, «Güneş» žurnalynyň bölüm müdiri Goçmyrat Orazberdiýew, Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň gepleşiklerini gurnaýjy Maýa Aşyrgeldiýewa, Türkmen milli konserwatoriýasyň zenanlar guramasynyň başlygy Gülşirin Otuzowa, «Garagum žurnalynyň bölüm redaktory» Nurtäç Annamuhammedowa, «Nesil» gazetiniň uly habarçysy Akgül Saparowa we Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Meýlis Hojaýew çykyş etdiler.
Şeýle-de sergimizde çykyş eden çagalar «Garaşsyzlygyň Merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijisi Mähriban Magtymgulyýewa, 1-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Göwher Hydyrowa, Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçylary, Türkmen döwlet sirkiniň artistleri, 32-nji çagalar bagynyň çagalary, 109-njy çagalar bagynyň çykyşy, ýetginjekler köşginiň döredijilik toparynyň çagalary hem-de A.S.Puşkin adyndaky rus drama teatrynyň artistleri uly hujuw bilen çykyş etdiler.